Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li we 1912-nji ýyl­da gark bo­lan “Ti­ta­nik” gä­mi­si­niň ikin­ji gör­nü­şi Hy­taý­da gur­lar. Onuň gur­lu­şy­gy 2022-nji ýyl­da ta­mam­la­nar. “The Ti­ta­nic II” gä­mi­si özü­niň il­kin­ji ýü­zü­şi­ni Du­baý (BAE) – Sa­ut­gemp­ton (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) ara­ly­gyn­da ama­la aşy­rar. Soň­ra Nýu-Ýork gat­na­wy üçin ýo­la dü­şer. Hy­taý­da ýa­sal­jak gä­mi awst­ra­li­ýa­ly mil­li­ar­der Klaýw Pal­mer ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Ol 2400 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nip, 900 adam ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat eder.
Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, tä­ze laý­ner ozal­ky “Ti­ta­ni­giň” keş­bin­de bo­lup, onda Wi­Fi in­ter­net hyz­ma­ty bol­maz. “Blue Star Li­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sar­gy­dy bo­ýun­ça “Ti­ta­ni­gi” tä­ze­den dö­re­dip, ony hä­zir­ki za­man na­wi­ga­si­ýa en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­rar. Şeý­le hem ýo­lag­çy­la­ryň aň­ry­baş ka­şaň­lyk­da dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­ler. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Klaýw Pal­mer gür­rüň ber­ýär.
Tran­sat­lan­tik gä­mi­si “Ti­ta­nik” 1912-nji ýyl­da “Whi­te Star Li­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sar­gy­dy bo­ýun­ça ýa­sa­lyp­dy. Ol öz döw­rü­niň iň uly gä­mi­si ha­sap­lan­ýar. Ýö­ne özü­niň il­kin­ji Sa­ut­gemp­ton (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) – Nýu-Ýork (ABŞ) gat­na­wyn­da he­läk­çi­li­ge uç­ra­ýar. Gä­mi 1317 ýo­lag­çy we 908 sany dür­li de­re­je­dä­ki iş­gär­le­r bi­len ýü­zü­şi­ni ama­la aşyr­ma­ga sy­na­ny­şyp­dy.

Myrat ÇARYÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň talyby.