2017-nji ýylda tutuş dünýäde 80 milliondan gowrak ýolagçy awtoulaglary öndürildi. Dünýäde bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň, has takygy, iň köp awtoulag öndürýän döwletleriň sanawy çap edildi. Şol sanawdaky birinji onluga girýän ýurtlar barada gysgaça maglumatlary size ýetirýäris.
1Hytaý: 2017-nji ýylda bu ýurtda 23,6 million awtomobil öndürildi. Bu ugurda önümçilik ösüş depgini 4,4 göterime deň boldy. Dünýä bazarynda Hytaý bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Tutuş dünýä boýunça awtomobil önümçiliginiň 29 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär.
2Ýewropa Bileleşigi: Geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde 17 milliona golaý awtoulag öndürilipdir. 2007-nji ýyldaky ykdysady kynçylyklar sebäpli yza galan awtoulag önümçilik senagatynda ýokary ösüşler gazanyldy. Ýewropa ýurtlarynyň umumy önümçilikdäki paýy 21 göterime barabardyr.
3Ýaponiýa: Ýaponiýa awtoulag önümçiliginde öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ýurduň “Toyota”, “Honda”, “Daihatsu”, “Nissan”, “Suzuki”, “Mazda”, “Mitsubishi”, “Subaru”, “Isuzu”, “Kawasaki”, “Yamaha” we “Mitsuoka” ýaly dünýä belli awtomobil öndürýän iri kompaniýalary bar. Ýurtda geçen ýyl 8,2 million awtoulag öndürildi. Ýokary hilli ýapon ulaglary tutuş dünýäde bellidir. Ygtybarlylygy hem-de hili boýunça ýapon ulaglary iň gowy ulaglaryň hatarynda durýar.
4ABŞ: Geçen ýyl bu ýurtda 8,081 million ulag öndürildi. ABŞ-da bu önümçilikde “Uly Detroit üçlügi” öňe saýlanýar. Detroit şäherinde ýa-da oňa golaý ýerde iri amerikan ulag öndürýän kompaniýalary ýerleşýär. Olar “General Motors”, “Ford Motor Company” we FCA.
5Hindistan: 2017-nji ýylda 3,8 million ulag öndürildi. Awtomobil senagaty ýurduň jemi içerki önüminiň 7,1 göterimini eýeleýär. Hindistan ýeňil awtoulaglary eksport edýän ýurtlaryň hatarynda durýar. Geljekde bu ugurda oňyn netijeleri gazanmagy maksat edinýär. Hindistan Günorta Koreýadan öňe geçmegi başardy.
6Günorta Koreýa: Geçen ýyl 3,7 million awtoulagyň öndürilen ýurdy bolan Günorta Koreýa awtomobil önümçiliginde öňdebaryjy döwletleriň biridir. Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijileri nemes, ýapon we amerikan awtomobil öndürijileri bilen bäsleşip gelýär.
7Meksika: Ýurduň awtoulag senagatynyň ösüşindäki esasy görkeziji onuň demirgazyk goňşusy ABŞ-nyň bu ugurdaky gazanan üstünligi we tejribesi bolup durýar. 2017-nji ýylda 2,9 million ulag öndürildi. Bu ýurtda “DaimlerChrysler AG”, “General Motors”, “Volkswagen AG”, “Ford Motor” we “Nissan” ýaly dünýä ägirtleriniň önümçilik şahamçalary ýerleşýär.
8Braziliýa: 2017-nji ýylda 2,2 million ulag öndürildi. Braziliýanyň awtoulag senagaty 1960-njy ýyllarda işjeň ösüş ýoluna gadam urdy. Şonuň üçin Braziliýa irki döwürlerde hem Beýik Britaniýa, Russiýa we Fransiýa ýaly ulag önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlar bilen bäsleşip bilipdir.
9Kanada: Ýurduň Ontario welaýatynda köp sanly awtoulag kompaniýalarynyň önümçilik desgalary ýerleşýär. Olaryň hatarynda “Ford” we “Toyota” ýaly kompaniýalar hem bar. Ýurtda 2,1 million ulag öndürildi. Şonuň üçin Kanadanyň awtoulag senagaty daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalarynyň hasabyna ýokary depginde ösýär.
10Eýran: Ýurduň awtoulag senagaty nebit we tebigy gaz pudaklaryndan soňra işjeň ösýän pudaklaryň biridir. Bupudak Eýranyň jemi içerki önüminiň 10 göterimine eýedir. Geçen ýyl ýurtda 1,4 million ulag öndürildi. Eýranly öndürijiler ulag serişdeleriniň 6 görnüşini öndürip, olar ýeňil, ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglar, ýük ulaglary, awtobus, mikroawtobus we pikap ýaly awtoulaglardan ybarat.
Şeýle hem “Focus2move” analitik agentliginiň habar bermegine görä, dünýäde iň meşhur awtoulag “Toyota Corolla” boldy. Bu ulaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. 2018-nji ýylyň 8 aýynda bu ulag görnüşiniň 816 müňi satyldy. Bu ugurda ikinji orny “Ford F-Series” (722 müň) kysymly ulag, üçünji orny bolsa “Volkswagen Golf” (572 müň) kysymly ulag eýeledi.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.