Daniýanyň paýtagty Kopengagende ösümlikleri suwarýan ýanýoda plitalaryny düşediler. Şeýle plitalary ýakyn wagtda diňe Daniýanyň şäherlerinde däl, eýsem Kanadanyň we Germaniýanyň şäherlerinde-de görmek bolar. Kopengageniň köçeleriniň biriniň ýanýodasyna düşelen, suw basma garşy aýratynlygy bolan plitalar ýerli “Tredje Natur” kompaniýasy tarapyndan öndürildi. 2014-nji ýylda bu pikire gelindi we 2018-nji ýylda iş ýüzünde şäher şertlerinde synag edilip başlandy.
Dizaýnerleriň bellemegine görä, geljekde şeýle plitalar dürli şäherleriň köçelerini bezär. Plitanyň işleýiş ýagdaýy şeýleräk: ýagşyň ýagmagy ýa-da garyň eremegi bilen emele gelen suw plitanyň aşaky bölegine ýygnanar, ol ýerdenem ýeriň aşagyndaky ulgama akar we şol ugur bilen ýanýodanyň kenarynda oturdylan agaçlaryň köklerine baryp ýeter. Dizaýnerler plitalary düşemegiň aňsatdygyny aýdyp, suwuň akyşyny sazlaýan ulgamy iş ýüzünde amala aşyrmagyň kyn däldigini belleýärler. Eger synag işleri üstünlikli geçse, onda bu plitalary ýurduň beýleki köçelerine hem düşemek göz öňünde tutulýar.
Arzuw SAPAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.