Gök ýap­rak­ly önüm­ler kör­lü­giň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bol­ýan ma­kul­ýar bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­ýar. Hy­ta­ýyň res­mi ha­bar­lar gul­lu­gy “Sin­hua”-nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu ugur­da 15 ýy­lyň do­wa­myn­da 2000 awst­ra­li­ýa­ly­nyň gat­naş­ma­gyn­da bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­di. West­mid luk­man­çy­lyk bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry­nyň çy­ka­ran ne­ti­je­si­ne gö­rä, gök ýap­rak­ly önüm­le­riň hem-de şu­gun­dy­ryň dü­zü­min­dä­ki ösüm­lik nit­ra­ty şeý­le ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Her gün 100-142 mil­lig­ram ösüm­lik nit­ra­ty­ny ka­bul ed­ýän adam­lar­da ma­kul­ýar bo­zul­ma­la­ryň eme­le gel­me how­py pe­se­lip­dir. Ys­ma­na­gyň 100 gra­myn­da 20 mil­lig­ram, şu­gun­dy­ryň 100 gra­myn­da bol­sa, 15 mil­lig­ram nit­rat bar.
Mun­dan ozal alym­lar sit­rus önüm­le­ri­ni köp iý­mek­li­giň hem göz bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­ler üçin örän peý­da­ly­dy­gy­ny bel­läp ge­çip­di­ler.

Tawus GOÇMYRADOWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.