Bra­zi­li­ýa­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Kar­los Dun­ga Ko­pa Ame­ri­ka­da çy­kyş et­jek to­pa­ryň dü­zü­mi­ne “Bar­se­lo­na­dan” su­per ýyl­dyz Neý­ma­ry ça­gyr­ma­dy. Rio­da­ky to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, şeý­le ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aý­dan Dun­ga Neý­mar­dan baş­ga-da Fer­nan­dio­nio, Os­kar ýa­ly fut­bol­çy­la­ry-da ýy­gyn­da al­ma­dy. He­ni­ze çen­li to­mus­ky Olim­pia­da­da çem­pi­on bol­ma­dyk Bra­zi­li­ýa üçin Rio­da­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti diý­seň uly. Şeý­le-de esa­sy dü­zü­me al­nan “Ba­wa­ri­ýa­nyň” ýyl­dy­zy Dug­las Kos­ta şi­ke­si se­bäp­li ýy­gyn­dy­dan çy­ka­ryl­ma­ly bol­dy. Onuň or­nu­na ça­gy­ry­lan Ka­ka hem şi­ke­si se­bäp­li gat­naş­maz. Dun­ga ahy­ryn­da Gan­so­ny ýy­gyn­da goş­dy.
Ge­çi­ri­lip baş­la­ny­na 100 ýy­lyň dol­ýan­dy­gy se­bäp­li şu ýyl ýö­ri­te gu­ral­ýan Ko­pa Ame­ri­ka çem­pio­na­ty ABŞ-da ge­çi­ri­ler. “Copa Ame­rica Cen­te­na­rio” ady bi­len ge­çi­ril­jek ýa­ry­şa 16 ýy­gyn­dy gat­na­şar. Ola­ryň 10-sy Gü­nor­ta Ame­ri­ka (CON­ME­BOL) de­giş­li bol­sa, ga­lan 6-sy CONCACAF zo­la­gy­nyň we­ki­li bo­lar. Şu gün ir sä­her bi­len ba­dal­ga alan çem­pio­nat 27-nji iýu­na çen­li do­wam eder.
Bra­zi­li­ýa­nyň dü­zü­mi: DER­WE­ZE­ÇI­LER: Al­li­son (“In­ter­na­sio­nal”), Die­go Al­wes (“Wa­len­si­ýa”), Eder­son (“Ben­fi­ka); GO­RAG­ÇY­LAR: Da­ni­el Al­wes (“Bar­se­lo­na”), Fa­bio­nio (“Mo­na­ko”), Fi­li­pe Lu­is (“At­le­ti­ko), Dug­las San­tos (“At­le­ti­ko Mi­nei­ro”), Mi­ran­da (“In­ter”), Gil (“Şen­dong Lu­neng”), Mar­kui­nos (PSŽ), Rod­ri­go Kaio (“Sao Pao­lo”); ÝA­RYM­GO­RAG­ÇY­LAR: Lu­iz Gus­ta­wo (“Wolfs­burg”), Elias (“Ko­rin­tians”), Ka­se­mi­ro (“Re­al Mad­rid”), Ra­fi­nia (“Bar­se­lo­na”), Re­na­to Au­gus­to (“Bei­žing Guoan”), Fi­lip­pe Kou­ti­nio (“Li­wer­pul”), Lu­kas Li­ma (“San­tos”), Wil­li­an (“Çel­si”); HÜ­JÜM­ÇI­LER: Gan­so (“Sao Paolo”), Hulk (“Ze­nit”), Ri­kar­do Oli­wei­ra (“San­tos”), Gab­ri­el (“San­tos”).

TOPARÇALAR
“A”: ABŞ, Kolumbiýa, Kosta Rika, Paragwaý
“B”: Braziliýa, Ekwador, Gaiti, Peru
“C”: Meksika, Urugwaý, Ýamaýka, Wenesuela
“D”: Argentina, Çili, Panama, Boliwiýa