Bir gün ýel bilen Gün öz aralarynda jedelleşipdirler. Ýel: “Men senden has güýçli” diýip dawa başlapdyr. Şol mahal ýolda bir ötegçi peýda bolupdyr. Gün nuruny saçyp şeýle diýipdir:
– Seret, hol barýan gojany görýärmiň? Kim şonuň possunyny çykarsa, şol hem ýeňiji bolsun! Ilki sen başlaý – diýipdir.
Ýel tekepbirlik bilen:
– Beýle bolsa, onuň possunyny çykaryşyma bir seret – diýip, men-menlik edipdir.
Gün:
– Bolýa-da! – diýip, bulutlaryň aňyrsynda bukulyp, ol ýerden ýeliň turuzjak oýnuna tomaşa etmäge başlapdyr.
Ýel bar güýji bilen öwsüp ugrapdyr. Ol güýjedigiçe, ýaşuly hem üşäp başlapdyr. Üşedigiçe-de possunyny berk gysypdyr. Ýeliň muňa myrryhy atlanyp, has-da güýjäpdir. Ýaşuly hem possunyny öňküden-de mäkäm saklapdyr. Ýel näçe güýjedigiçe, goja egnindäki possunyna şonça-da berk bolupdyr.
Ýel ahyrsoňy ýadap, ýatyşypdyr. Güneş bolsa, bulutlaryň aňyrsyndan jyklap, ýaşula bakyp, mylaýym ýylgyrypdyr. Howa maýlapdyr. Goja muňa begenip:
– Indi possunyň zerurlygy hem ýok – diýip, ony çykaryp egnine atypdyr.
Şonda Gün ýele bakyp:
– Ine gördüňmi, mylaýym bolanlar hemişe zalymlardan rüstem gelýändir! – diýipdir.