Oraza aýy mukaddes aýdyr. Oraza halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän däp-dessurlaryny, medeni we ruhy mirasyny özünde jemleýär. Ýagşy niýetleriň we umyt-arzuwlaryň hasyl bolýan mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ynsany ruhy taýdan galkyndyrýar, ynsanperwer we haýyr-sogap işlere ruhlandyrýar.
Oraza aýy döwründe amal edilýän sogaply işler aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan bir ýyl ozal, Owganystan Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen serhetleşýän Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýi gurmak baradaky Karara gol çekipdi.
Bu desga Türkmenistan tarapyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde bina edildi we mukaddes oraza aýyň başynda açylyş dabarasy boldy. Bu lukmançylyk edarasy üçin, saglygy goraýşa degişli enjamlar, dermanlar we beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen ynsanperwerlik ýükleri bolan awtoulag kerweni goňşy ýurda ugradyldy.
Mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bu saglyk öýüniň işini degişli derejede ýola goýmak üçin ýerli lukmanlary we degişli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, lukmanlardan we şepagat uýalardan ybarat bolan topar ýola düşdi.
Täze desga kabul ediş bölüminden, barlag, çaga dogrulýan wagta taýýarlyk, çaga dogrulýan we ondan soňky döwür üçin niýetlenen otaglardan, şeýle hem döwrebap barlaghanadan, edara ediş-hojalyk binalaryndan we beýleki bölümlerden ybaratdyr. Doganlyk goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanda degişli çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýan maksatnama taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, durmuş maksatly desgalar, söwda merkezi bina ediler, ynsanperwer ýükleri we beýlekiler iberiler. Täze çaga dogrulýan öýüň ulanmaga berilmegi bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we açyklyk syýasatynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän ähli oňyn başlangyçlary taryhyň çuňlugyndan doganlyk we ruhy birlik ýörelgeleri bilen berk baglanyşykly bolan iki goňşy döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Açyk göwünliligiň bu nobatdaky subutnamasy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dessurlarynyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.
«Zaman–Türkmenistan».