Mo­to GP bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň çem­pio­ny Ýa­po­ni­ýa “Gran Pri­sin­de” bel­li bol­dy. Ýur­duň Mo­te­gi şä­he­rin­dä­ki ady­bir tras­sa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan “Rep­sol Hon­da­nyň” is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes bas­syr 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da-da 5-nji sa­par çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eden Mar­kes 6-njy bo­lup baş­lan “Gran Pri­sin­de” 4,8 ki­lo­metr­lik trassada 24 aý­la­wy 42 mi­nut 36,438 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 8-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 43-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ol çem­pi­on­ly­gyň beý­le­ki da­laş­gä­ri, 2-nji ha­tar­da bar­ýan ita­li­ýa­ly And­rea Do­wi­zio­so­dan (“Ducati”) 20-nji aý­law­da öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, utuk sa­ny­ny 296-a ýe­ti­rip, ara­ta­pa­wu­dy 102-ä çy­ka­ran 25 ýa­şyn­da­ky is­pan pi­loty 2013-nji, 2014-nji, 2016-njy we 2017-nji ýyl­lar­dan soň, 5-nji ge­zek Mo­to GP-de dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy. Mark Mar­kes Mo­to GP ýa­ryş­la­ryn­da çem­pi­on­lyk ba­bat­da 3-nji or­na geç­di. Hä­zir­ki wagt­da Mo­to GP-de ita­li­ýa­ly Ja­ko­mo Agos­ti­ni 8, Wa­len­ti­no Ros­si 7 çem­pi­on­lyk bi­len 1–2-nji ýer­le­ri eýe­le­ýär­ler. Ga­ly­ber­se-de, Mark Mar­kes 2010-njy ýyl­da “125cc”-de, 2012-nji ýyl­da-da Mo­to 2-de çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Bu ýeňiş onuň umu­my­lyk­da mo­tor ýa­ryş­la­ryn­da­ky 7-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr.
Ýa­po­ni­ýa “Gran Pri­sin­de” Mar­kes­den 1,5 se­kunt­ az ne­ti­je gör­ke­zen bri­ta­ni­ýa­ly Kal Krut­low (“LCR Hon­da”) 2-nji, 1,7 se­kunt yza ga­lan “Su­zu­ki Ecstar” to­pa­ryn­dan is­pa­ni­ýa­ly Aleks Rins 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Umu­my sa­naw­da 2-nji bas­gan­çak­da bar­ýan And­rea Do­wi­zio­so ýa­ry­şyň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 aý­la­w ga­lan­da, ki­çeň­räk çaknyşykdan soň, bäs­le­şik­den çyk­dy. Mo­to GP-de 70-nji möw­sü­miň ga­lan 3 ýa­ry­şy-­da 28-nji okt­ýabr­da Awst­ra­li­ýa­da, 4-nji no­ýabr­da Ma­laý­zi­ýa­da hem-de 19-njy we jem­leý­ji bäs­le­şik Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.