Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna ynamly barýarys. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn özgerýär. Bu hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sazlaşykly ösüşleriň gazanylýandygynyň subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşinde hususy pudagyň wekilleriniň hem uly goşandy bar. Ine, ýaňy-ýakynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz bu duşuşykdan ozal, hususy pudagyň wekilleriniň taýýarlan taslamalary bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda senagat kärhanalarynyň, oba-senagat toplumynyň desgalarynyň, şol sanda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň, iri söwda merkezleriniň, hyzmat edaralarynyň taslamalary bar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy milli Liderimize Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurulmagy meýilleşdirilýän sement zawodynyň taslamasy barada aýtdy. Onuň ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna semente barabar bolup, zawodda 200 adam işlär. Telekeçiler öz serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde eksport ugry nazarlaýan, ýyllyk kuwwaty 15 müň tonna bolan daş duzunyň önümçiligi boýunça kärhanany gurmagy teklip etdiler. Şeýle hem şol ýerde telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna guruljak ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna barabar bolan gips önümlerini we gury gurluşyk serişdelerini öndürýän zawod içerki bazaryň isleglerini doly üpjün eder hem-de onuň önümi eksporta ugradylar. Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 müň tonna barabar bolan ozokerit önümçiligi boýunça zawodyň taslamasy görkezildi. Bu kärhana hem telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna gurlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynda ýod zawodlarynyň ikisini gurmagy meýilleşdirýärler.
Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna bazalt süýümleriniň önümçiligi boýunça zawody gurmagyň taslamasy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna bazalt süýümleriniň önümçiligi boýunça zawody gurmagyň taslamasy hödürlenildi. Mundan başga-da paýtagtymyzyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda demir we konserwa gaplarynyň önümçiligi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwaty 72 million birlige barabar bolan şpris öndürýän kärhananyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurduň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem şu etrapda ýüplük kärhanasy gurlar.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Soňra Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümlerinden guralan sergini synlady.
Sergini synlandan soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça alnyp barylýan işler, maksatnamalaýyn çäreler barada aýdyp, bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçilerine uly guramaçylyk we maliýe goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda hem möhüm orny eýeleýändigini belläp, olaryň diňe bir ýokary derejede hyzmatlary etmek bilen çäklenmän, eýsem, köpsanly täze iş orunlaryny hem döredýändigini, möhüm durmuş meselelerini çözýändigini aýtdy.
Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň hatarynda bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, ýokary hilli önümleri öndürmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümiň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl pudagynyň paýy 70 göterime ýetirilmelidir. Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimizde azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň mümkinçiliklerini, özboluşly, ajaýyp tebigaty, şeýle hem köpsanly taryhy ýadygärliklerini nazara alyp, syýahatçylyk pudagyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işiniň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekillerine söz berdi. Türkmen telekeçileriniň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamyna goldaw bermek meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Telekeçiler çekýän zähmetine hormatly Prezidentimiziň ýokary baha berendigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, oba-senagat toplumyny ösdürmek, şeýle hem onuň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiler hususy işewürligiň wekilleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän anyk teklipleri öňe sürdüler.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, telekeçiler we şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanyň çäginden çykarylanda gümrük pajyndan boşadylan harytlaryň sanawyny tassyklady we dürli taslamalary ýerine ýetirmek üçin Birleşmäniň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, telekeçilere goldaw bermek maksady bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň, şeýle hem umumy bahasy ABŞ-nyň birnäçe milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşyklarynda baş potratçy bolmak wezipesini ynanmak çözgüdine gelendigini habar berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň bildirilen ynamy abraý bilen ödejekdiklerine we ýakyn wagtda bu taslamalary ýokary hilli gurup, ulanmaga berjekdiklerine ynam bildirdi.
«Zaman–Türkmenistan».