Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 18-nji ýaryşy ABŞ-nyň Tehas ştatynda geçirildi. Ostin şäheriniň “Americas” trassasynda geçirilen ýaryşda “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton ilkinji hatardan bat aldy. Ýaryşda “Ferrariniň” finlýandiýaly sürüjisi Kimi Raikkonen 56 aýlawy (308,405 km) 1 sagat 34 minut 18,643 sekuntda geçip, şu ýylky ilkinji ýeňşini gazandy. Bu onuň karýerasyndaky 21-nji ýeňşi diýlip hasaba alyndy. Fin sürüjisi 113 ýaryşdan soň, pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ýaryşda 2-nji ýeri ýeňijiden 1,281 sekunt yza galan gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”) eýeledi. 3-nji orna-da 2,342 sekuntlyk pes görkeziji bilen Lewis Hamilton mynasyp boldy. Pellehana 4-nji bolup gelen Sebastian Wettel garşydaşy Hamiltonyň utuk ýitirmeginden soň, çempionlyk umydyny dowam etdirdi. Möwsümiň tamamlanmagyna 3 ýaryş galanda Hamilton bilen Wetteliň arasynda 70 utuk aratapawut bar. Bu bolsa Hamilton 28-nji oktýabrda, ýagny ertir Meksikada geçiriljek bäsleşikde ýeňiş gazanan ýagdaýynda 5-nji çempionlygyny yglan eder diýmekdir. Häzirki wagtda Hamiltonyň 346, Wetteliň 276 utugy bar. 3–4-nji ýerlerdäki finlýandiýaly sürüjiler — Kimi Raikkonen 221, Waltteri Bottas 217 utuk toplady.
Konstruktorlaryň arasynda-da “Mercedes” topary bassyr 5-nji çempionlygyna golaýlap barýar. “Mercedes” toparynyň 563, “Ferrariniň” bolsa, 497 utugy bar.