Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň 6-njy­sy Eý­ran­da ge­çi­ri­l­ýär. 1968-nji ýyl­dan soň, çem­pio­nat 2-nji ge­zek 1976-njy ýy­lyň 3-13-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Eý­ran­da gu­ral­ýar. Çem­pio­na­ta 6 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. 1-nji saý­la­ma to­par­ça­syn­dan beý­le­ki ýy­gyn­dy­la­ryň ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan bo­ýun tow­la­ma­gyn­dan soň, Ku­weýt bi­len Gü­nor­ta Ýe­men ýol­lan­ma al­ýar. 2-nji saý­la­ma to­par­ça­da Yrak bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny öňe saý­lan­ýar. Ýö­ne Sa­ud Ara­bys­ta­ny fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­mak is­le­me­ýär. 3-nji saý­la­ma to­par­ça­dan De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa çyk­ýar. Ýö­ne ko­reý­ler ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan ýüz öw­re­ni üçin 2-nji ýe­ri eýe­län Hy­taý fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­ýar. 4-nji to­par­ça­da­nam Ma­laý­zi­ýa bi­len Tai­lan­da beý­le­ki gar­şy­daş­la­ryn­dan öňe saý­lan­mak ba­şard­ýar. Em­ma Tai­land hem fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ýar.
Fi­nal tap­gy­ry­nyň oýun­la­ry Eý­ra­nyň paý­tag­ty Täh­ran­da­ky “Ar­ýa­mehr” (hä­zir­ki “Aza­di” sta­dio­ny) hem-de Teb­riz­dä­ki “Bagh Şo­mal” sta­di­on­la­ryn­da ge­çi­ril­ýär. “A” to­par­ça­da Ku­weýt Ma­laý­zi­ýa­ny Al-An­ber we Al-Dak­hi­liň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Hy­taý bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­ýar (Wan Ži­li­an 58 – Moh­tar 50). Ku­weýt soň­ky oýun-da Hy­ta­ýy Ka­mi­liň 1-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. “B” to­par­ça­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy yrak­ly­la­ry Nu­rai­niň hem-de Ro­şa­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­ýär. Yra­gyň mil­li to­pa­ry Gü­nor­ta Ýe­men­den 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar (Kad­him Wa­al 84). To­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­da Eý­ra­nyň mil­li to­pa­ry Gü­nor­ta Ýe­me­niň to­run­dan jo­gap­syz 8 pök­gi gi­riz­ýär. Gol­la­ry Azi­zi (17, 73), Nu­rai (40, 42), Hor­şi­di (45) hem-de Maz­lu­mi (63, 74, 80) ge­çir­ýär.
Ýa­rym fi­na­lyň 2 oý­ny-da goş­ma­ça wagt­da ta­mam­lan­ýar. Bra­zi­li­ýa­ly meş­hur Ma­rio Za­gal­lo­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Ku­weýt bi­len Yra­gyň ara­syn­da­ky oý­nuň esa­sy wag­ty 2–2 deň­lik­de gu­tar­ýar (Ib­ra­him 11, Ka­mil 77 — Ab­dul-Ja­lil 46, Has­san 85). 100-nji mi­nut­da Ka­mil Ku­weý­ti fi­na­la çy­ka­ran go­ly der­we­zä gi­riz­ýär. Eý­ran bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky beý­le­ki ýa­rym fi­nal du­şu­şy­gy­nyň esa­sy wag­tyn­da ha­sap açyl­ma­ýar. 100-nji we 119-njy mi­nut­lar­da Hor­şi­di bi­len Ro­şa­nyň gol­la­ry Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny bas­syr 3-nji fi­na­ly­na çy­kar­ýar.
13-nji iýun­da Täh­ran­da Eý­ran bi­len Ku­weý­tiň ara­syn­da oý­na­lan fi­na­la şweý­sa­ri­ýa­ly Žan Du­bah emin­lik ed­ýär. 100 mü­ňe go­laý jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da­ky oýun Eý­ra­nyň peý­da­sy­na 1–0 ta­mam­lan­ýar. Ýe­ke-täk go­ly-da 71-nji mi­nut­da Ali Par­win der­we­zä gi­riz­ýär. Şeý­le­lik­de, Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy Azi­ýa Ku­bo­gyn­da yz­ly-yzy­na 3 çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji to­par bol­ýar (hä­zir­lik­çe ýe­ke-täk). Bu ola­ryň soň­ky çem­pi­on­ly­gy­dyr.
Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da-da çem­pio­na­ta il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan 2 ýy­gyn­dy Hy­taý bi­len Yrak du­şuş­ýar. Bu oýun hem 1-0 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nyp, Hy­taý He Žia­nyň 61-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär.
10 du­şu­şy­gyň oý­na­lan çem­pio­na­tyn­da 15 pök­gi der­we­zä gi­ri­zil­ýär. 3 gol ge­çi­ren ku­weýt­li Fat­hi Ka­mel, eý­ran­ly Gu­lam Hos­se­in Maz­lu­mi bi­len Nas­ser Nu­rai çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­la­ry bol­ýar.
“A” to­par­ça: Ku­weýt–Ma­laý­zi­ýa: 2–0, Hy­taý–Ma­laý­zi­ýa: 1–1, Ku­weýt–Hy­taý: 1–0; “B” to­par­ça: Eý­ran–Yrak: 2–0, Yrak–Gü­nor­ta Ýe­men: 1–0, Eý­ran–Gü­nor­ta Ýe­men: 8–0; Ýa­rym fi­nal: Ku­weýt–Yrak: 3–2 (g.w.), Eý­ran–Hy­taý: 2–0 (g.w.); 3-nji ýer üçin: Yrak–Hy­taý: 0–1, FI­NAL: Eý­ran–Ku­weýt: 1–0.