Agyr atletika boýunça paýtagtymyzda badalga alan 84-nji Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde ýaşlaryň arasynda rekord goýuldy. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilýän çempionatda ilkinji bolup, zenanlaryň arasynda 55 kg agram derejesinde D hem C toparlaryň bäsleşikleri geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Agyr atletika boýunça ýurdumyzda geçirilýän Dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenler 20 täze agram derejesinde (10-sy erkeklere, 10-sy zenanlara degişli) bäsleşýärler. Şeýle-de türgenler öz başarnyklaryna görä A, B, C hem-de D toparlarda çykyş edýär. Medal ugrunda esasy A toparyň ştangaçylary bäsleşip, seýrek hem bolsa, B hatda C topardanam medal alýanlara duş gelinýär.
Bu agramda ilkinji günüň iň ýokary netije görkezen türgeni nigeriýaly Çika Džoý Amalaha boldy. Ol umumylykda 202 kilogram götermegi başardy. Bu agramyň ýeňijileri şu gün geçiriljek ýaryşlardan soň belli bolar. Şu gün zenanlaryň arasynda 55 kg agram derejesinde B hem-de A toparlardaky türgenler çykyş ederler. Bu agram derejesinde geçen ýylky Dünýä çempionatynyň hem-de golaýda Indoneziýada geçirilen Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony, kümüş medalyň eýesi, ildeşimiz Kristina Şermetowanyň hem çykyş etjekdigini belläliň.
Erkekleriň arasynda 55 kg agram derejesinde B toparyň bäsleşigi-de diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 55 kg agramda 16 ýaşyndaky italiýaly ştangaçy Massidda Serjo umumylykda 236 kg ştangany göterip, ýetginjekleriň arasyndaky dü nýä rekordyny goýdy. Öňki rekord 235 kg agrama deňdi.
Çempionatyň ilkinji gününde erkekleriň arasyndaky 61 kg agram derejesiniň D toparynyň ýaryşlary-da geçirildi. Bu agram derejesinde ýaponiýaly Hiroaki Takao häzirlikçe öňde barýar. Ol D toparynyň türgenleriniň arasynda birbada hem-de itekläp götermekde jemi 272 kilogramy galdyrdy.
* * *
Düýnki bäsleşiklerde-de 49 kg agram derejesinde zenanlaryň arasynda C hem-de B toparlaryň türgenleri özara bäsleşdi. Olaryň arasynda kolumbiýaly Ana Iris Segura-Segura 180 kg agramy göterip, 1-nji orny eýeledi. Bu ugurda medallaryň eýeleri şu gün geçiriljek ýaryşlardan soň belli bolar.
Erkekleriň arasyndaky 73 kg agram derejesiniň C toparynda awstraliýaly Brendon Din Waýkling beýleki ştangaçylardan öňe saýlandy. Ol 285 kg agramy göterip, 1-nji orny eýeledi. Bu ugruň medal ugrundaky ýaryşlary-da ertir geçiriler.
61 kg agram derejesinde erkek türgenleriň B topardaky ýaryşynda ýaponiýaly Ýoiçi Itokazu umumylykda 292 kilogram agyrlygy götermegiň hötdesinden geldi. Onuň medal gazanyp-gazanmandygy ertirki A toparyň türgenleriniň arasyndaky bäsleşikden soň belli bolar. Bu agramda 17 ýaşly italýan türgeni Dawid Rui 264 kilogram agramy göterip, çempionatyň 1-nji gününde watandaşy Massidda Serjonyň goýan rekordyny täzeledi.
C topary düzýän 67 kg agram derejesiniň erkek türgenleriniň bäsleşiginde ispaniýaly Wiktor Kastro Marino 293 kg agramy göterip, häzirlikçe sanawda 1-nji basgançakda barýar.
ILDEŞIMIZ BÜRÜNÇ
MEDALA MYNASYP BOLDY
Düýn 45 kg agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda altyndyr kümüş we bürünç medallaryň eýeleri belli boldy. Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy. 20 ýaşly türgenimiz birbada götermekde 75, itekläp götermekde-de 94 kg agramy göterdi. Netijede, 169 kg agramy göteren Ýulduz Jumabaýewa bürünç medala mynasyp boldy. Bu ugurda altyn we kümüş medallary Tailand döwletiniň wekilleri – Tunýa Sukharoen bilen Çiraphan Nanthawong eýelediler. Sukharoen 80+106 kg, umumylykda 186 kg agram bilen altyn medaly gazandy. 2-nji ýeri eýelän Çiraphan Nanthawongyň görkezen netijesi bolsa, 171 kg agrama deň boldy (76+95). Bu agram derejesindäki türgenler çempionatyň ilkinji medallaryny gazandylar. Bu agram derejesinde 6-njy orny eýelän itekläp götermekde 90 kg agramy ýokary göteren 17 ýaşyndaky wenesuelaly Katerin Eçandia Sarate ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny goýdy.