Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyz sport äleminde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýar. Geçen ýyl Aşgabatda ägirt uly sport baýramçylygyna öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ajaýyp üstünliklere beslendi. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa, ýurdumyzda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli geçdi. Indi bolsa türkmen paýtagty ýene-de Ýer şarynyň ähli künjeklerinden – Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Okeaniýanyň döwletlerinden gelen agyr atletikaçylaryň iň güýçlüler adyny almak ugrunda göreşjek iri sport ýaryşyny kabul edýär.
Türkmen paýtagtynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksada okgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň öň ýanynda giň gerimli, jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler hem-de bu abraýly ýaryşlaryň guralmagyna gatnaşýanlar, myhmanlar we janköýerler üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy. Çempionaty giňden beýan etmek üçin ähli çäreler görüldi, onuň türkmen, iňlis we rus dillerindäki web-saýty döredildi. Mundan başga-da, ýaryş baradaky maglumatlar “EURONEWS” teleýaýlymynda we 145 ýurduň teleýaýlymlary boýunça ýaýradylar.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. 15 müň orunlyk ýapyk meýdançada köpsanly tomaşaçylaryň ýygnanmagynda geçirilen dabarada owadan sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy.
Tomaşanyň ilkinji pursatlarynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýurdumyzyň gadymy kerwen ýollaryny ugry wasp edýän görnüşler görkezildi. Tomaşanyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýlip atlandyrylýan beýleki bölüminde dutaryň jadyly owazy Ýer şarynyň halklaryny parahatçylyga, dostluga we doganlyga çagyrdy. Soňra tomaşa meýdanynda milli at esbaplaryna beslenen Akhan peýda boldy. Akhan çarpaýa galmak bilen, bu ugurda ozalky rekordy täzeläp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmek bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Bu tomaşada-da Akhan tejribeli çapyksuwaryň başarnykly erk etmeginde ýygnananlaryň hemmesinde haýran galdyryjy täsir döredip, özüniň ajaýyp gözelligini, ýöreýşini hem-de täsin başarnyklaryny görkezdi.
Türkmen halkynyň toý dabaralarynyň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdi tansy tomaşaçylarda uly şatlyk döretdi. Meýdançadaky baýramçylykda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan bölümde Garagumuň altynsow reňkine beslenen meýdança sport awtomobili girdi hem-de aýlawy amala aşyrdy.
Täsin lazer-yşykly şowhun teatrlaşdyrylan görnüşiň iň gyzykly bölegi boldy. Häzirki zaman multimedia enjamlarynyň herekete getirilmegi netijesinde meýdança göýä diýersiň janlanyp, onuň ýokarsynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň we Baýdagynyň, Ýer togalagynyň, agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň baýdaklarynyň göwrümli şekilleri peýda bolýar. Soňra meýdançada biri-biriniň ornuny çalyşmak bilen sportuň dürli görnüşleriniň owadan şekilleri döreýär. Sport toplumynyň meýdançasynda demir taýagyň we Aşgabatda badalga alýan Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň nyşanyny alamatlandyrýan şekil görkezilýär.
Lazerli-yşykly şowhun tamamlanandan soňra dabara elipbiý tertibinde peýda bolýan dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklarynyň meýdança getirilmegi bilen dowam etdirildi. Däbe görä, bu özboluşly ýöriş çempionaty kabul edýän ýurduň – Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen jemlendi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri dünýäniň sport taryhyndaky bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Tomaş Aýan çykyş etdi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň — 2018-iň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, bu dünýä çempionatynyň örän ähmiýetli bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Şeýlelikde, agyr atletika türgenleriniň dünýä birinjiliginiň taryhynda ýaryşlar ilkinji gezek 20-sany agram derejesinde geçiriler.
Halkara agyr atletika federasiýasynyň baştutany bäsleşikleriň dowamynda köp sanly täze rekordlaryň goýuljakdygyna we olaryň ýaryşyň tapawutly aýratynlygy boljakdygyna umyt bildirdi. Bu çempionatyň geljekde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanmagyň ýolunda ilkinji ädim boljakdygy bellenildi. Şeýle-de, bu ýaryş Aşgabat şäherinde sportuň Olimpiýa görnüşi boýunça geçirilýän ilkinji dünýä çempionatydyr.
Aýgytlaýjy pursat gelip ýetip, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi. Diňe bir ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň däl-de, ähli gatnaşyjylaryň uly ruhubelentlik bilen milli Liderimiziň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!’ aýdymyny ýerine ýetirmekleri sport baýramynyň aýdyň jemlenmesi boldy.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli Döwlet senasy ýaňlanan pursatynda paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän ahalteke bedewiniň şekiliniň üstündäki çanakda sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara sport hereketiniň taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýene-de alawyň ýakylandygy hem beýik döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.