Kaka etrabynyň “Gowşut” hem-de Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap obalaryň binýadyny tutmak dabaralary geçirildi.
Adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwrebap obalary gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Bu etraplarda täze obany gurmaga umumy meýdany 108 gektar bolan ýer bölekleri bölünip berildi. Ýakyn geljekde şol ýerlerde ösen durmuş düzümleri bolan ilatly ýerler peýda bolar. Şol ýerlerde her obada öýleriň 400-sini gurup, obalaryň hersinde 2 müň adamyň ýaşamagyny üpjün etmek maksat edinilýär. Bular bir gatly iri panelli öýler bolup, şolaryň 100-si bäş otagly, 200-si dört otagly we 100-si üç otagly öýlerdir. Öýleriň taslamalary düzülende türkmeniň oba durmuşynyň aýratynlyklary nazara alyndy. Şeýle hem ekin meýdany, hojalyk zerurlyklary üçin bassyrma, ulag goýmak üçin ýer hem-de zerur inžener-tehniki aragatnaşyk serişdeleri göz öňünde tutuldy.
Ýaşaýyş toplumlarynda geňeşlikleriň dolandyryş binalary, 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, söwda merkezleri, saglyk öýleri, däp-dessur geçirilýän meýdançalar, awtoduralgalar gurlar. Bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryny öňdebaryjy enjamlar hem-de tehnikalar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Taslamalarda desgalaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna milli parlamentiň deputaty, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkyň saýlanlarynyň wekiliýeti, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow şu günki dabaralaryň döwletimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň mizemezdigini we yzygiderlidigini beýan edýändigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar hem-de düýpli özgertmeler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy adamlaryň müňlerçesiniň diňe bir durmuşyny gowulandyrman, eýsem, sebitiň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berer.