Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­la­ryň me­de­ni­ýet we ki­no gün­le­ri ýa­ly dür­li de­re­je­dä­ki me­de­ni çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.
Mu­ňa şu hep­dä­niň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky ki­no gün­le­ri hem-de Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki me­de­ni çä­re­ler Türk­me­nis­tan bi­len beý­le­ki döw­let­le­riň ara­syn­da­ky me­de­ni­ýe­ti­ň we sun­ga­ty­ň ös­me­gi­ne hem-de öza­ra baý­laş­ma­gy­na iň­ňän uly müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Paý­tag­ty­my­zyň “Aş­ga­bat” ki­no­te­at­ryn­da açylan Rus­si­ýa­nyň ki­no gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de rus ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan dür­li ýyl­lar­da dö­re­di­len çe­per film­le­riň do­ku­zy­sy gör­ke­zil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Klim Şi­pen­ko­nyň bo­lup ge­çen wa­ka­lar esa­syn­da dü­şü­ren “Sal­ýut-7” ki­nod­ra­ma­sy bar. Sport ba­ra­da­ky film­ler — re­žiss­ýor Oleg Tro­fi­miň “Buz” (2018 ý.) saz­ly me­lod­ra­ma­sy we Da­ni­la Koz­lows­ki­niň “Tä­lim­çi” (2018 ý.) film­le­ri hem to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni çe­ker.
Türk­men paý­tag­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry hem-de myh­man­la­ry “Türk­me­nis­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de we “Aş­ga­bat” ki­no­te­at­ryn­da film­le­re to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Hor­wa­ti­ýa­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň ser­gi za­lyn­da “Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň mad­dy däl mi­ra­sy” di­ýen fo­to­ser­gi ge­çi­ril­di. Köp san­ly çä­re­ler bi­len bir ha­tar­da, Mu­kam­lar köş­gü­niň kon­sert za­lyn­da Hor­wa­ti­ýa­nyň meş­hur pia­ni­no­çy­la­ry Iwan Krpa­nyň hem-de Pa­ul Ro­pu­şyň kon­ser­ti dost­luk baý­ram­çy­ly­gy­nyň jem­leý­ji bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de bo­lan çä­re­ler türk­me­nis­tan­ly­la­ra dost­luk­ly ýur­duň baý me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny ýa­kyn­dan bil­mä­ge, myh­man­la­ra bol­sa, türk­men hal­ky­nyň tä­sin ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy, Aş­ga­ba­dyň gö­zel­lik­le­ri hem-de Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­niň aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.