Dün­ýä­niň iň be­ýik heý­ke­li Hin­dis­ta­nyň Gu­ja­rat şta­tyn­da gu­rul­dy. Bu ýer­de ýur­duň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri Sar­dar Wal­labh­bhaý Pa­te­liň heý­ke­li otur­dyl­dy. “Ag­zy­bir­lik heý­ke­li” diý­lip at­lan­dy­ry­lan heý­ke­liň we se­ýil­gä­hiň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di gat­naş­dy. Sar­dar Pa­tel Hin­dis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan­dan soň­ra, 500-e go­laý knýaz­ly­gyň bir­leş­me­gin­de mö­hüm rol oý­na­ýar. Şo­nuň üçin ýur­duň esa­sy döw­let şah­sy­ýet­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Sar­dar Pa­te­liň heý­ke­li­ni dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Heý­ke­liň be­ýik­li­gi 182 met­r. De­mir­den we bü­rünç­den ýa­sa­lan heý­kel ABŞ-da­ky Azat­lyk heý­ke­lin­den (93 m) 2 es­se uly. Bu heý­ke­liň gur­lu­şy­gy­na 420 mil­li­on dol­lar sarp edil­di. Ol dün­ýä­niň iň be­ýik heý­ke­li de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord Hy­taý­da­ky 153 metr be­ýik­li­k­dä­ki Bud­da­nyň heý­ke­li­ne de­giş­li­di.
Heý­ke­liň otur­dy­lan ýe­ri aba­dan­laş­dy­ry­lyp, se­ýil­gäh zo­la­gy­na öw­rül­di. Onuň düý­bi 2013-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da tu­tul­dy. Ýa­dy­gär­li­gi gur­mak üçin 24 müň ton­na po­lat we ar­ma­tur sarp edilip, onuň 5 ton­na­sy­ny ha­ýyr-sa­ha­wat hök­mün­de bü­tin Hin­dis­tan­dan ýyg­na­dy­lar. Ýa­dy­gär­lik we onuň daş-tö­we­re­gi­ni gur­şap alan se­ýil­gäh zo­la­gy­nyň meý­da­ny 20 müň ine­dör­dül met­re deň­dir. Şeý­le hem bu zo­lak umu­my meý­da­ny 12 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan eme­li köl bi­len gur­şa­lan­dyr.

Gur­ban­gel­di HAÝ­DA­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.