Afrika yklymynyň iň beýik binasy Marokkoda gurlar. Bu ýurtda beýikligi 250 metre deň boljak gökdiräniň gurluşygyna girişildi. Ýurduň Patyşasy Muhammed VI yklymyň iň iri binasynyň gurluşygyna başlanandygyny habar berdi.
Köp gatly belent bina 55 gatdan ybarat bolar. Onda kaşaň myhmanhana, edara binalary hem-de ýaşaýyş jaýlary ýerleşer. Bu binanyň gurluşygy Marokkonyň BMCE banky tarapyndan maliýeleşdiriler. Deslapky maglumatlara görä, taslamanyň umumy bahasy 420 million dollara barabar bolar. Onuň gurluşyk işlerini Belgiýanyň BESIX, Hytaýyň “China Railway Construction Corporation Limited” korporasiýasy hem-de Marokkonyň TGCC kompaniýalary alyp barar.
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.