Her ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler güni bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu barada beren beýanatynda şäherleriň medeniýetiň, innowasiýanyň, ykdysadyýetiň we durmuş mümkinçilikleriniň merkezi bolup durýandygy beýan edilýär. Soňky ýyllarda şäherleşme gaty ýokary depginlerde ösýär. Häzirki wagtda Ýer şarynyň 7 milliard ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. 2030-njy ýylda şäherde ýaşaýanlaryň sany 5 milliarda ýeter. Şonuň üçin şäherleriň ýaşamak üçin hem ygtybarly, hem-de amatly bolmagyny gazanmagyň zerurdygy aýdylýar.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky gününde bellenip geçilýän Bütindünýä şäherler gününiň bu gezekki baýramçylygynyň mowzugy şäherleriň ekologik taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybarat boldy. Bu baýramçylyk mynasybetli BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş eden çykyşynda tutuş dünýä boýunça her hepdede 1,4 million adamyň şäherlere göçüp barýandygyny belledi. Guterreş şol sebäpli şäherlerde ýaşamak üçin amatly şertleriň döredilmelidiginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Aýmuhammet GADAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.