Ýatmazdan ozal dorag iýmeklik adamyň agramynyň ýokarlanmagyna getirmän, eýsem, adam bedenindäki artykmaç ýaglaryň azalmagyna kömek berýär. Bu barada “British Journal of Nutrition” žurnaly habar berýär.
ABŞ-nyň Florida ştatynyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň alymlary bu babatda barlag işlerini geçirdiler. 20 ýaşdan ýokary bolan adamlar bilen geçirilen barlagda olara ýatmazdan 30-60 minut ozal dorag iýmek maslahat berildi. Barlaglaryň netijesine görä, bu önümiň myşsalara öz oňyn täsirini ýetirýändigi, maddalaryň alyş-çalşygyny çaltlandyrýandygy we saglygyň umumy ýagdaýyny gowulandyrýandygy anyklandy.
Alymlaryň pikirine görä, doragyň adam bedenine edýän oňyn täsiri kazein belogy bilen baglanyşyklydyr. Ol adam bedenine ýuwaş-ýuwaşdan aralaşyp, aminokislotanyň durnukly bölünip çykmagyna kömek edýär. Adam bedeni iýmit siňdiren wagty köp energiýa sarp edýär, dorag adam ukuda wagty hem artykmaç kaloriýalaryň ýakylmagyna kömek edýär.
Aknur WELSAPAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.