Bu özboluşly awtobus awtoýoluň ýüküni ýeňletmäge we awtoulaglaryň dyknyşygyny belli bir derejede azaltmaga mümkinçilik berer. Hytaýly inženerler täze awtobusy hödürlediler. “Transit Elevated Bus” (TEB) umumy ulanylýan ýol boýunça hereket etmäge ukyply bolup, awtoulag hereketine päsgel bermeýär we awtoulaglaryň dyknyşygyny aradan aýyrýar.
Awtobus elektrik we gün energiýasy bilen işleýär. Işläp düzüjiler täze hödürlenen ulagyň arzanlygyny, tygşytlydygyny we ýokary tizliklidigini öňe sürýärler. Şeýle awtobuslaryň biri 1200 adama niýetlenen, onuň ýene-de bir artykmaçlygy bolsa, özüne düşýän gymmatynyň pesligidir.
Şunuň ýaly transport serişdesiniň we onuň ýolunyň bahasy metro gurluşygyna edilýän çykdajylardan bäş esse arzandyr. “Transit Elevated Bus” adyny alan taslamany eýýäm, 2016-njy ýylyň ahyrynda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Täze awtobusyň synaglary Sinhuandao şäherinde amala aşyryldy.