Ül­je şi­re­si­ gipertoniýa garşy niýetlenen gerdeler ýaly gan ba­sy­şy­ny pe­selt­mek­de peý­da­ly­dy­gy­ny Beýik Britaniýanyň Nor­tumb­ri­ýa uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry ýü­ze çy­kar­dy­lar. Hü­när­men­ler ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­nyň ala­mat­la­ry bo­lan 15 adam­da bar­lag ge­çir­di­ler. Meý­le­tin­çi­le­re 100 millilitr suw ga­ry­lan 60 millilitr ül­je kon­sent­ra­ty­ny ber­di­ler. Al­nan mag­lu­mat­lar­da ül­je şi­re­si­ni içenlerde üç sa­ga­dyň do­wa­myn­da ar­te­ri­al ba­sy­şyň 7 gö­te­rim aşak dü­şen­di­gi bel­li bo­lup­dyr. In­sul­tuň ýü­ze çyk­ma how­pu­ny 38 gö­te­rim azalt­mak, ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň ösü­şi­ni 23 gö­te­rim azalt­mak üçin bu muk­dar ýe­ter­lik bo­lup­dyr. Ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­nyň der­ma­ny­ny içen syr­kaw­lar hem şeý­le ne­ti­jä­ni alyp­dyr­lar.
Alym­lar ül­je şi­re­siniň gan ba­sy­şy­na şeý­le güýç­li tä­sir ed­ýän­di­gi­ni, çün­ki onuň te­bi­gy an­ti­ok­si­dant­lar bo­lup dur­ýan fe­nol kis­lo­ta­la­ry­na baý­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Ýo­ka­ry gan ba­sy­şy ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­den öl­me­giň bel­li se­bä­bi­dir, ýö­ne ar­te­ri­al gan ba­sy­şy­ny bel­li bir de­re­je­de pe­selt­me­giň ölü­miň de­re­je­si­ni azalt­mak­da uly tä­sir eder di­ýip hü­när­men­ler bel­läp geç­ýär­ler.