Formula 1 boýunça Dünýä çempionatynyň şu ýylky 19-njy “Gran Prisi” Meksikanyň paýtagty Mehikodaky doganlar Rodrigesiň adyny göterýän 305,534 kilometrlik trassada geçirildi. “Red Bulluň” awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardonyň ilkinji hatardan başlan ýaryşynda 71 aýlawy 1 sagat 38 minut 28,851 sekuntda geçmegi başaran toparyň başga bir piloty, gollandiýaly Maks Werstappen ýeňiş gazandy. 2-3-nji ýeri “Ferrariniň” sürüjileri – germaniýaly Sebastian Wettel bilen finlýandiýaly Kimi Raikkonen eýeledi.
Bäsleşikde 4-nji ýeri eýelän “Mercedes” toparynyň britan piloty Lewis Hamilton F1-däki 5-nji çempionlygyny gazandy. Utugyny 358-e ýetiren Hamiltona çempionlyk üçin bu ýaryşda 7-nji orun hem ýeterlikdi. Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 2 “Gran Pri” galanda, ikinji hatardaky Wettelden 64 utuk öňe saýlanan Hamilton bassyr 2-nji, umumylykda-da 5-nji çempionlygyny yglan etdi. 33 ýaşyndaky sürüji mundan ozalam, 2008-nji, 2013-nji, 2014-nji hem 2017-nji ýyllarda F1-iň çempiony bolupdy. Hamilton F1-de 5 çempionlyk gazanan 3-nji sürüji boldy. Britan piloty F1-iň taryhyndaky iň köp çempion bolan sürüjileriň sanawynda 2-nji hatarda barýan argentinaly Huan Manuel Fanjio (5 çempionlyk) bilen deňleşdi. Bu ugurda 7 çempionlygyň eýesi germaniýaly Mihael Şumaher 1-nji basgançakda barýar.
Professional karýerasyna 2001-nji ýylda başlan Hamilton 2002-nji ýylda Formula “Renault 2-de”, 2005-nji ýylda Formula 3-de, 2006-njy ýylda-da GP2-de çempionlyklar gazanypdy. F1-däki ilkinji bäsleşigini 2007-nji ýylda geçiren sürüji şu wagta çenli 71 “Gran Prini” 1-nji orunda tamamlap, bu babatda Şumaheriň rekordyna (91 ýeňiş) iň golaý türgendir. 81 gezek ýaryşa ilkinji hatardan bat alyp, bu ugurda öňdeligi eýeleýän iňlis sürüjisi yzly-yzyna 33 ýaryşda (2016 Ýaponiýa GP – 2018 Fransiýa GP) utuk gazanyp, Kimi Raikkoneniň rekordyny täzeläpdi. F1-iň ilkinji garaýagyz çempiony Hamilton yzly-yzyna 12 möwsümde azyndan 1 ýaryşda ýeňiş gazanyp, bu ugurda Şumaheriň rekordyna iň golaý sürüjidir (15 möwsüm). F1-de möwsümiň 20-nji ýaryşy 11-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.
“Maşgalam üçin uly sowgat boldy”
Hamilton Meksika “Gran Prisinden” soň, özüniň 5-nji çempionlygy barada tolgundyryjy sözler bilen çykyş etdi: — Men zynjyryň bir bölegi. Topardaşlarymyň biri bolmadyk bolsa, men muny başaryp bilmezdim. Wezipämi ýerine ýetirenim üçin men diýseň şat. 4 çempionlygy bolan Wetteliň, şol birwagtyň özünde-de güýçli topara garşy ýiti göreş alyp bardyk. Men 6 ýyldan bäri bu toparda çykyş edýärin. Hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn. Topardaşlaryma, maňa goldaw beren hemme kişä öz minnetdarlygymy bildirýärin. Biz maşgala bolup käbir kynçylyklara döz gelmeli bolupdyk. Gazanan 5-nji çempionlygym, meniň maşgalam üçin uly sowgat boldy. Hemme zat meniň ýadymda. Kakam bizi eklemek üçin diňe 1 ýerde zähmet çekmeýärdi. Ejemiň, kakamyň o diýen kän täze egin-eşigi hem bolmandy. Olar biziň häzirkimiz ýaly durmuşda ýaşamadylar. Meniň şu derejä ýetmegim üçin tagalla baryny etdiler. Men şu duýgular bilen ýaryşlara gatnaşmagymy dowam etdirerin — diýip, Hamilton tolgundyryjy beýanatlar bilen çykyş etdi.