Sin­ga­pur­da ge­çi­ri­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýy­lyň jem­leý­ji bäs­le­şi­gi bo­lan “WTA Fi­nals” ýa­ry­şyn­da uk­rai­na­ly Eli­na Swi­to­li­na ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 2 sa­gat 25 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da ame­ri­ka­ly Sloan Stefens­den 3 set­de üs­tün çyk­dy. 1-nji set­de ame­ri­ka­ly ten­nis­çi 6:3 öňe saý­lan­sa-da, Swi­to­li­na gar­şy­da­şy­ny 2–3-nji set­ler­de 6:2 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Şeý­le­lik­de, 24 ýaş­ly Swi­to­li­na kar­ýe­ra­syn­da il­kin­ji ge­zek ýy­lyň jem­leý­ji ýa­ry­şyn­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bu onuň WTA ýa­ryş­la­ryn­da­ky 13-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ol umu­my baý­rak gaz­na­sy 7 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan bu ýa­ryş­dan soň, umu­my sa­naw­da 4-nji or­na beý­gel­di. Swi­to­li­na ýe­ňi­ji hök­mün­de 1,2 mil­li­on pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Jü­büt­le­riň ara­syn­da-da fran­si­ýa­ly Kris­ti­na Mla­de­no­wiç bi­len ru­my­ni­ýa­ly Ti­mea Ba­bos fi­nal­da çe­hi­ýa­ly Bar­bo­ra Kreý­çi­ko­wa bi­len Ka­te­ri­na Si­nia­ko­wa iki­sin­den üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy (6:4, 7:5).
1971-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu ýa­ry­şa reý­tin­giň iň go­wy 8 ten­nis­çi­si gat­naş­ýar. 43-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da şu ýyl “Gy­zyl” to­par­ça­da ame­ri­ka­ly Sloan Stefens, gol­lan­di­ýa­ly Ki­ki Ber­tens, fran­si­ýa­ly An­je­li­ka Ker­ber, ýa­po­ni­ýa­ly Nao­mi Osa­ka, “Ak” to­par­ça­da-da uk­rai­na­ly Eli­na Swi­to­li­na, da­ni­ýa­ly Ka­ro­li­ne Woz­ni­as­ki hem-de çe­hi­ýa­ly ten­nis­çi­ler Pet­ra Kwi­to­wa bi­len Ka­ro­li­na Pliş­ko­wa da­gy çy­kyş et­di­ler. Ýa­ryş in­di­ki ýyl Hy­ta­ýyň Şen­zen şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.