Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da (WRC) möw­sü­miň 12-nji ýa­ry­şy Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. 18 tap­gyr­ly 331,58 ki­lo­metr­lik ýa­ry­şy 3 sa­gat 12 mi­nut 8 se­kunt­da ta­mam­lan “Cit­ro­en To­tal Abu Da­bi” to­pa­ry­nyň fran­suz pi­lo­ty, Dün­ýä Ral­li çem­pio­nat­la­ry­nyň ägir­di Se­bas­ti­an Lýob ýe­ňi­ji bol­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 79-njy ýeň­şi diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. 9 çem­pi­on­ly­gy bo­lan 44 ýa­şyn­da­ky pi­lot 2013-nji ýyl­dan soň­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. “M-Sport Ford” to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie wa­tan­da­şy Lýob­dan 2,9 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 16 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len “M-Sport Ford” to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si El­fin Ewans 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 1 ýa­ryş ga­lan­da, soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny Se­bas­ti­an Ožie utu­gy­ny 204-e ýe­ti­rip, sa­naw­da 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. On­dan 4 utu­gy kem bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will (“Hy­un­dai Shell Mo­bis”) 2-nji orun­da bar­ýar. Möw­sü­miň jem­leý­ji ral­li­si, çem­pio­ny kes­git­le­jek ýa­ry­şy 15–18-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ri­ler.