Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (IWF) ýol­baş­çy­sy Ta­maş Aýa­ny ka­bul et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, oňa Ýer ýü­zü­niň iň güýç­li tür­gen­le­ri­ni paý­tag­ty­myz­da jem­län Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny­ny gow­şur­dy.
Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de be­ren ün­si üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, şu gün­ler Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üs­tün­lik­li geç­ýän­di­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan myh­man­sö­ýer­lik we ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin köp sag­bol­sun aýt­dy. Ta­maş Aýan Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän spor­tuň olim­pi­ýa gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge Türk­me­nis­ta­nyň no­bat­da­ky go­şan­dy­na öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ab­raý­ly dü­züm bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, döw­le­ti­mi­ziň spor­ty hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan äh­li çä­re­le­riň gör­len­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň gel­jek­de hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ta­rap­lar bi­len de­giş­li ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge äh­li­ta­rap­la­ýyn ýar­dam et­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we myh­man hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyp, ony has-da iş­jeň­leş­dir­mek üçin oňaý­ly şert­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni wa­gyz et­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni or­naş­dyr­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, şol san­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dür­li de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen sport top­lum­la­ry gu­rul­dy we bi­na edil­ýär.
IWF-niň ýol­baş­çy­sy bu ugur­da ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry hem-de beý­le­ki ýa­ryş­lar, türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra we dün­ýä, se­bit ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan köp san­ly ýe­ňiş­le­ri, döw­re­bap sport top­lum­la­ry, şol san­da se­bit­de iri Olim­pi­ýa şä­her­çe­si şol üs­tün­lik­le­riň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Söh­bet­deş­li­giň çäk­le­rin­de mil­li Li­de­ri­miz we Ta­maş Aýan dün­ýä­niň ýü­ze go­laý döw­le­ti­niň – Af­ri­ka­nyň, Ýew­ro­pa­nyň, Azi­ýa­nyň, Ame­ri­ka­nyň we Okea­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ýan dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ta­maş Aýan bu çem­pio­na­ty gu­ra­mak hu­ku­gy­na ýurt­la­ryň bä­şi­si­niň da­laş eden­di­gi­ni, em­ma IWF-niň ony Türk­me­nis­tan­da ge­çir­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy, çün­ki Türk­me­nis­tan mil­li Li­de­ri­niň dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de, äh­li ugur­lar­da, şol san­da sport ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy.
Hä­zir­ki çem­pio­nat Türk­me­nis­tan­da döw­re­bap sport dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi hem-de dür­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de oňyn mil­li tej­ri­bä­niň top­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öw­rül­di hem-de ýur­duň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy di­ýip, IWF-niň ýol­baş­çy­sy bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň ýa­kyn gel­jek­de we­lot­rek, sam­bo, boks, şeý­le-de ke­nar­da oý­nal­ýan Azi­ýa oýun­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä de­re­je­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek ba­bat­da ýüz­tut­ma­la­ry ka­bul eden­di­gi­ni bel­läp, gel­jek­de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ýe­ne-de ka­bul et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.
Ta­maş Aýan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tek­li­bi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň gel­jek­de hem agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça türk­men mek­de­bi­niň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de myh­man Türk­me­nis­ta­nyň we IWF-niň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Şol hyz­mat­daş­lyk uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lup, hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­niň dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär.