Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança gelip, onuň kitap sergiler merkeziniň ýerleşýän binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradow we B.Abdyýewa garşylady.
Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi birnäçe bölümden ybarat täze sergi bilen tanyşdyrdy. Onda döwlet Baştutanymyzyň dürli ýyllarda neşir edilen we ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary ýurt okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kitaplary esasy orun eýeleýär.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň esasy kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň bir binasyny Döwlet medeniýet merkeziniň kitaphanasynyň ygtyýaryna geçirmek barada tabşyryk berildi. Häzir bu binada Döwlet kitaphanasynyň birnäçe bölümleri, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Galkynyş” kitap merkezine berilýän kitaplary saklamak hem-de kitap sergileri üçin niýetlenen desga ýerleşýär.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belläp, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländiklerini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýy bar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde çaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrüň ýokary talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylandygyny belläp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynda okuw kitaplary bilen birlikde, çeper edebiýatlary yzygiderli neşir etmegiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Kitap sergiler merkezi bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz edebi sergileri guramakda birnäçe pursatlary gaýtadan işlemek, olara has aýdyňlyk we aýanlyk bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.