Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyna berýän kömek-hemaýatlaryna guwanyp, buýsanyp zähmet çekýän ýurdumyzyň pagtaçylary bereketli topraga yhlas etmek bilen ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda-da edermen babadaýhanlarymyz artdyrylan güýç bilen zähmet çekip, Hasyl baýramyna uly zähmet sowgady bilen barýarlar. Ýurdumyzyň “ak altyn” ussatlary altyn güýzüň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnaýarlar.
Arzyly pellehana ýeten zähmetsöýer pagtaçylar Hasyl toýuny uly buýsanç bilen bellemäge taýýarlyk görýärler.
Şu ýyl ekin meýdanlarynda pagtaçy kärendeçileriň tagallasy bilen bereketli pagta hasyly ýetişdirildi. Pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsüminde öndürijilikli işledildi. Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar, olar welaýatlaryň arasynda ýurdumyzda ilkinji bolup, pagta hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, şunda Watan harmanyna 207 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň oba zähmetkeşleri pagta öndürmek baradaky şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar “ak altynyň” 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Umuman, Diýarymyzyň pagtaçylary şanly sepgide barha golaýlap, ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Ekerançylaryň bu üstünligi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň miwesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegi, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň sazlaşykly ornaşdyrylmagy – bular hem-de beýleki möhüm wezipeleriň ençemesi Türkmenistanyň häzirki zaman obasenagat syýasatynda täze many-mazmuna we anyk durmuşa geçirilişe eýe boldy.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna giňden goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzüminiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda hem-de döwrebaplaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Pagtaçylyk we däneçilik ýurdumyzda ekerançylygyň strategik ugurlarydyr. “Ak altynyň” we ak bugdaýyň önümçiligi hem-de gaýtadan işlenilişi milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän möhüm obasenagat syýasatynyň hataryna girýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylar. Döwlet tabşyrygyna degişli bugdaýy, pagtany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany hem-de miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridiki şahslara we raýatlara 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri bölünip beriler.
Gowaça Türkmenistanyň iň möhüm oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagta ýurdumyzda okgunly ösdürilýän dokma senagatynyň onlarça kärhanalary üçin diňe bir çig mal bolman, azyk önümleriniň birnäçesi üçin hem zerurdyr, şolaryň hatarynda ýokumlylygy boýunça gymmatly pagta ýagy, ýokary bejeriş häsiýetine eýe bolan pagta baly bar.
Gülnar AMANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.