Hindistanyň hökümeti howany arassalamak üçin emeli ýagyşlaryň kömegine bil baglaýar. Bu baradaky özboluşly teklip ýurduň Kanpur şäheriniň Tehnologiýa institutynyň Howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän merkezi bölüminiň hünärmenlerinden gelip gowuşdy. Şeýlelikde, Hindistan howany arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmak tehnologiýasyndan peýdalanýan ilkinji ýurt bolar. Bu tehnologiýany Nýu-Deli şäherinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Bu işde, esasan hem, uçarlaryň kömeginden peýdalanylýar. Olar bulutlara ýörite serişdeleri seperler, ol hem ygalyň ýagmagyna kömek eder.
– Emeli ýagyşlar howany arassalamak meselesinde möhüm çözgüt bolar. Biz ony Hindistanyň Meteorologiýa edarasy we Tehnologiýa instituty bilen bilelikde bu mümkinçiligi jikme-jik öwrenýäris-diýip, Howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän merkezi edaranyň sekretary Praşant Gargawa gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň hökümeti bu işe şu ýylyň 10-njy noýabryndan girişmegi göz öňünde tutýar.
Uzukjemal NURYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.