“Col­lins Eng­lish Dictio­na­ry” söz­lü­gi­ni dü­zü­ji­ler 2018-nji ýy­lyň iň meş­hur sö­zü­ni saý­la­dy­lar. Ol “sing­le-use” (iň­lis di­len­den ter­ji­me edi­lende “bir ge­zek ulan­mak­lyk” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär) sö­zi bol­dy. Bu söz köp­lenç bir ge­zek ulan­mak üçin ni­ýet­le­nen zat­lar­da bolýar. Bu hem plas­ti­ki gap-gaç­la­ra de­giş­li­dir. Söz­lük dü­zü­ji­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, 2013-nji ýyl­dan bä­ri bu sö­züň ula­nylyş ýy­gy­ly­gy 4 es­se art­dy.
Şeý­le hem iň meş­hur söz­le­riň ha­ta­ry­na VAR sö­zi hem go­şul­dy. Bu söz şu ýyl Rus­si­ýa­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da has köp ula­nyl­dy. Ol emin­le­riň wi­deo kö­mek­çi­si bol­dy. Ge­çen ýyl söz­lük dü­zü­ji­ler ta­ra­pyn­dan saýlanan ýy­lyň sö­zi “fa­ke news” bol­dy. Ol iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len­de “ýal­ňyş ha­bar­lar” diýen ma­ny­­ny ber­ýär.