Kanadanyň Krembil ylmy-barlag instituty bilen Toronto uniwersitetiniň alymlar topary kofeniň peýdalary barada barlag işlerini geçirdiler. Olaryň maglumatyna görä, her ýyl tutuş dünýäde takmynan, 500 milliard çaşka kofe içilýär. Bilermenler munuň diýseň gowy netijedigini belläp, kofeniň alsgeýmer we parkinson ýaly kesellere garşy goraýandygyny belleýärler.
Alymlaryň pikirine görä, kofeniň oňyn täsiri kofein bilen baglanyşykly däl. Onuň esasy syry fenilinden antioksidantynda. Kofe gowrulan wagty onuň düzüminde fenilindan emele gelýär. Ol hem beýnidäki howply döremeleriň öňüni alýar. Alymlar kofeniň üç görnüşi boýunça barlag işlerini geçirdiler. Birneme az gowrulan, has gowy gowrulan kofeinli, kofeinsiz görnüşleriniň täsirini barladylar. Olaryň soňky ikisiniň has peýdalydygy mälim edildi.
Aşyrgeldi MERGENOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.