Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda nobatdaky tapgyrda-da biri-birinden gyzykly duşuşyklar bolar. Angliýada “Mançester” derbisi oýnalsa, Italiýada 2 güýçli garşydaş – “Milan” bilen “Ýuwentus” duşuşar. Germaniýada PSŽ ýeňişli başlangyjynyň görkezijisini has-da ýokarlandyrmak üçin myhmançylykda aşaky orunlara ornaşan “Monako” bilen güýç synanyşar. “Bundesligada-da” Dortmundyň “Borussiýasy” “Westfalende” “Bawariýany” kabul eder. Gresiýada-da ezeli bäsdeşler “Olimpiakos” bilen “Panatinaikos” duşuşar.
Nobatdaky tapgyryň esasy duşuşyklary:
10-njy noýabr: “Borussiýa D.”–“Bawariýa” (22:30), “Porto”–“Braga” (01:30); 11-nji noýabr: “Rubin”–“Lokomotiw” (18:30), “Roma”–“Sampdoriýa” (19:00), “Çelsi”–“Ewerton” (19:15), SSKA–“Zenit” (21:00), “M. Siti”–“M. Ýunaýted” (21:30), “Olimpiakos”–“Panatinaikos” (22:30), “Milan”–“Ýuwentus” (00:30), “Monako”–PSŽ (01:00).