Her ýyl ge­çi­ril­ýän 6 uly ma­ra­fo­nyň soň­ku­sy bo­lan Nýu Ýork ma­ra­fo­nyn­da bu ýyl efio­pi­ýa­ly we ke­ni­ýa­ly yl­gaý­jy­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 28 ýaş­ly Le­li­sa De­si­sa 2 sa­gat 05 mi­nut 59 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan ge­çip, 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu onuň uly ma­ra­fon­lar­da­ky 3-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol mun­dan ozal, 2013-nji we 2015-nji ýyl­lar­da Bos­ton­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Mün­be­riň 2–3-nji bas­gan­çak­la­ry­na-da de­giş­li­lik­de, efio­pi­ýa­ly Şu­ra Ki­ta­ta (2:06:01) bi­len ke­ni­ýa­ly Jeoff­reý Kom­wo­ror (2:06:26) çyk­dy.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da ke­ni­ýa­ly Me­ri Keý­ta­ni pel­le­ha­na 2 sa­gat 22 mi­nut 48 se­kunt­da gel­di. 36 ýa­şyn­da­ky tür­gen Nýu Ýork ma­ra­fo­nyn­da 4-nji ge­zek (2014, 2015, 2016, 2018), umu­my­lyk­da-da 6 uly ma­ra­fon­da 7-nji sa­par ýe­ňi­ji bol­dy. Keý­ta­ni­den 4 mi­nut 46 se­kunt yza ga­lan ýe­ňi­ji­niň wa­tan­da­şy, Olim­pi­ýa çem­pio­ny Wi­wi­an Şe­ri­ýu (2:26:02) 2-nji, ýer eýe­le­rin­den ame­ri­ka­ly yl­gaý­jy, ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny Şa­lan Fla­na­gan (2:26:22) bol­sa, baý­rak­ly 3-nji or­ny eýe­le­di. Nýu Ýork ma­ra­fo­ny 1970-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip gel­inýär. Şu ýyl 48-nji ge­zek gu­ra­lan ma­ra­fo­na 50 mü­ň töweregi yl­gaý­jy gat­naş­dy.