Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da ge­çi­ri­len sport gim­nas­ti­ka­sy bo­ýun­ça 48-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ame­ri­ka­ly tür­gen tä­ze re­kord goý­dy. Olim­pi­ýa çem­pi­on­y Si­mo­na Baýlz 4 al­tyn, 1 kü­müş, 1 bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Ol ga­za­nan 4 al­tyn me­da­lyn­dan soň, be­la­rus­ly Wi­ta­liý Çer­bo­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. 21 ýaş­ly Baýlz 12 al­tyn me­dal­ly Çer­bo­dan öňe saý­la­nyp, sport gim­nas­ti­ka­sy bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň iň köp al­tyn me­dal ga­za­nan tür­geni di­ýen ady eýe­le­di. Ga­ly­ber­se-de, Baýlz Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky umu­my me­dal­la­ry­nyň sa­ny­ny-da 20-ä ýe­ti­rip, ze­nan­la­ryň ara­syn­da rus­si­ýa­ly Swet­la­na Hor­ki­na­nyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Baýlz ýe­ne-de 4 me­dal ga­zan­sa, on­da ol bu ugur­da-da Çer­bo­dan öňe saý­la­nyp, iň köp me­dal­ly tür­gen ady­ny eýe­lär. Baýlz 8 gün­läp do­wam eden çem­pio­nat­da sport gim­nas­ti­ka­sy­nyň ýe­ke­le­ýin köp gör­nüş­li, to­par­la­ýyn köp gör­nüş­li, di­reg­li bök­mek, er­kin maşk­lar ýaly ugurlarynda al­tyn, dür­li be­lent­lik­dä­ki pürs­ler­de kü­müş, pürs­de-de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Çem­pio­nat­da me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da ABŞ (4 al­tyn, 2 kü­müş, 3 bü­rünç) 1-nji, Hy­taý (4 al­tyn, 1 kü­müş, 1 bü­rünç) 2-nji, Rus­si­ýa-da (2 al­tyn, 3 kü­müş, 2 bü­rünç) 3-nji or­ny eýe­le­di.