UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky 4-nji oýun­lar­dan soň, 7 klub 2-nji tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. “A” to­par­ça­dan “Ba­ýer” bi­len “Sü­rih”, “D” to­par­ça­-­dan “Di­na­mo Zag­reb”, “E” to­par­ça­dan “Ar­se­nal”, “H” to­par­ça­dan “Aýnt­raht” bi­len “La­sio”, “L” to­par­ça­da­n “Çel­si” 2-nji tap­gy­ra çy­kan klub­lar bol­dy.
“A” to­par­ça­da “Ba­ýer” öz meý­dan­ça­syn­da “Sü­ri­hi” 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Beý­le­ki oý­nuň 0–0 gu­tar­ma­gyn­dan soň, “Ba­ýer” bi­len “Sü­rih” 2-nji tap­gy­ra ýol­lan­ma al­dy. “B” to­par­ça­da “Sals­burg” myh­man­çy­lyk­da “Ro­sen­bor­gy” 5–2 ha­sa­byn­da ýeň­se-de, ola­ryň top­lan 12 utu­gy hä­zir­lik­çe awst­ri­ýa­ly­la­ra in­di­ki tap­gy­ra çyk­mak üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. “Sel­ti­giň” öz meý­dan­ça­syn­da “Le­ip­si­gi” 2–1 ut­ma­gy ola­ra päs­gel ber­di. Öz meý­dan­ça­syn­da “Spor­ting” bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan “Ar­se­nal” 10 utuk top­la­dy we 2-nji tap­gy­ra çyk­dy. Bu tap­gy­ryň iň gy­zyk­ly we iň köp gol­ly oý­ny “G” to­par­ça­da Mosk­wa­nyň “Spar­ta­gy” bi­len Glaz­go­nyň “Reýn­jers” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da bol­dy. Myh­man­lar 1-nji ýa­rym­da 3–2 öňe saý­lan­sa-da, mosk­wa­ly­lar 2-nji ýa­rym­da 2 gol ge­çi­rip, 4–3 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Myh­man­çy­lyk­da “Apol­lo­ny” 3–2, öz meý­dan­ça­syn­da “Mar­se­li” 2–1 ýe­ňen “La­sio” to­par­la­ry-da “H” to­par­ça­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­dy. “L” to­par­ça­da­n hem myh­man­çy­lyk­da “BA­TE Bo­ri­sow­dan” Oli­wie Ži­ru­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len üs­tün çy­kan “Çel­si” ýa­ry­şy do­wam et­di­rer.