2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň işewür adamlarynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, derman senagaty, azyk senagaty, oba hojalyk we senagat tehnologiýalary, inžener hyzmatlary, ulag we logistika, energetika, nebitgaz senagaty, suw arassalaýjy desgalar, inženerçilik tehnologiýalary we gurluşyk pudaklarynda işleýän 33 kompaniýanyň wekilleri bar. Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta niýetlenen harytlary öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ungaro öz çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýändigini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň köp ugurly esasda ýokarlanýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşi, şeýle hem Türkmenistandan Italiýa ugradylýan harytlaryň ýylyň başyndan bäri üç essä golaý, şol birwagtyň özünde Italiýadan getirilýän önümleriň 50 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, onuň esasy wezipesi Türkmenistanyň we Italiýanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen birek-biregi tanyşdyrmak, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň wekilleri bilen özara bähbitli uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boldy. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň çäginde iki ýurduň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini jikme-jik ara alnyp maslahatlaşdylar.