Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçirildi.
Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Ýemenden, Polşadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Mongoliýadan, Latwiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan hem-de beýleki döwletlerden Türkmenistana gelen wekiliýetleriň düzüminde daşary ýurtly myhmanlaryň ýüze golaýynyň bolmagy döwletimiziň halkara sport hereketini we bilimi ösdürmäge saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň meýdançalarynda ýerleşdirilen köpugurly sergide ýurdumyzyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň diwarlyklarynda bilim hem-de sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler görkezildi. Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda okuw mekdepleriniň barlaghanalaryndaky döwrebap enjamlar, ýurdumyzda neşir edilýän dürli ylmy we okuw-usulyýet edebiýatlary, gollanmalar, ensiklopediýalar, sözlükler hem-de halkara talyplar olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we hormat hatlary hödürlendi.
Diwarlyklaryň onlarçasy daşary ýurtlaryň bilim ulgamynyň kuwwatyny, esasy önüm öndürijileriň bilim ulgamynda uly islegden peýdalanýan kompýuterlerini we IT-tehnologiýalaryny, innowasion barlaghana enjamlaryny görkezýär. Kompýuter tehnikasynyň, programma üpjünçiliginiň täzelikleri, dürli enjamlar we beýleki abzallar ýaşlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Halkara sergide sport bilen baglanyşykly ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň diwarlyklary bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.