Italiýanyň Bolonýa şäherinde Ýewropanyň ähli ýurtlarynyň alymlary hem-de meteorologiýa işgärleri bir ýere jemlenip, howa maglumatyny takyk mälim edýän super kompýuteriň işe girizilmegine taýýarlyk görlüşi babatda pikir alyşdylar. Ýene-de 2 ýyldan ulanylmaga beriljek kompýuter howanyň ýagdaýynyň ýokary takyklyk bilen öňünden habar berilmegine şert döreder. Ýewropanyň howa maglumaty merkeziniň direktory Florans Rabýe bu babatdaky ylmy has-da ösdürmek isleýändiklerini belläp, Ýewropada howanyň ýagdaýyny 3-4 hepde öňünden takyk çak edilmegine mümkinçilik berjek ägirt uly enjamyň üstünde işlenilýändigini aýtdy.
Meteorologlaryň aýtmagyna görä, super kompýuteriň kömegi bilen adamlar howanyň ýagdaýynyň üýtgemegine öňünden taýýarlyk görüp bilerler. Täze kompýuteriň işleýiş güýji ýüz müňlerçe, hatda millionlarça noutbugyň kuwwatyndanam has ýokary bolar. Onuň bahasynyň 160 million ýewro boljakdygy aýdylýar. 2020-nji ýylyň ahyrynda Bolonýa Ýewropada howanyň ýagdaýyny çaklamak boýunça merkeze öwrüler. Bu enjamyň döredilmegi bilen Ýewropanyň raýatlary durmuş babatdaky maksatlaryny öňünden düzüp bilerler.
Ýaňyl ATAGULYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.