ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri­niň “Bä­şin­ji Awen­ýu” kö­çe­si dün­ýä­niň iň gym­mat kö­çe­le­ri­niň sa­na­wyn­da­ky bi­rin­ji­li­gi­ni il­kin­ji ge­zek el­den gi­der­di. Bu ugur­da bi­rin­ji­li­ge Gon­kon­gyň “Ko­zu­eý-Beý” kö­çe­si eýeledi. Dün­ýä­niň iň gym­mat kö­çe­si bo­ýun­ça sa­naw “Cush­man & Wa­ke­field” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy.
Gon­kon­gyň meş­hur şä­he­ri­niň ug­run­da­ky dü­kan­la­ryň ýa-da eda­ra bi­na­la­ryň bir ýyl­lyk ki­reý tö­le­gi bir ine­dör­dül metr üçin 24 müň 606 ýew­ro ba­ra­bar­dyr. Sa­naw­da öň­dä­ki ha­tar­lar­da dur­ýan kö­çe­ler şu­lar­dan yba­rat:
Nýu-Ýork­da­ky “Bä­şin­ji Awen­ýu” (20 müň 733 ýew­ro).
Lon­don­da­ky “Nýu-Bond-strit” kö­çe­si (16 müň 071 ýew­ro).
Pa­riž­dä­ki “Ýe­li­seý meý­da­ny” kö­çe­si (13 müň 992 ýew­ro).
Mi­lan­da­ky “Wia Mon­te­na­po­leo­ne” kö­çe­si (13 müň 500 ýew­ro).
To­kio­da­ky “Gind­za” kö­çe­si (11 müň 232 ýew­ro).
Ahat NURÝAGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.