Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geçirilýän ägirt uly çäreler taryhyň altyn sahypalarynda öz mynasyp ornuny tapýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi uly üstünlikli geçirildi. Onuň yz ýanyndan bolsa, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelen iň güýçli agyr atletikaçylary bir ýere – ak şäherimiz Aşgabada jemledi. Bu sport baýramçylygy täzelenen dünýä rekordlarynyň 72-si bilen hem ýatda galdy. Paýtagtymyzyň gözelligi, türkmen myhmansöýerligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Sport bilermenleri Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde abraýly halkara ýaryşlaryny geçirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belleýärler. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyzyň sporty söýüjileriň ýurdudygynyň halkara ykrarnamasydyr. Türgenlerimiz dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylary bilen bäsleşip, köp tejribe topladylar. Bu biziň türgenlerimiz üçin badalga bolar. Olar geljekki uly halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş ederler we mukaddes Tugumyzy al-asmana götererler.
Gurban Nazarow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.