Häzirki wagtda awtoulag pudagynda tehnologiýanyň soňky gazananlaryny işjeň ulanmak ýörgünli däbe öwrüldi. Uçýan ulaglar bu ugurdaky önümçiligiň esasy üstünligi hasaplanýar. “AeroMobil” kompaniýasy ilkinji uçýan ulagyny 2021-nji ýylda çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle ulagyň eýesi bolmak üçin salgyt hasaba alynmazdan, 1,5 million ýewro sarp etmeli bolar. Bu barada kompaniýanyň müdiri Ladislaw Batik habar berýär.
– Biz ilkinji uçýan ulagymyzy 2021-nji ýylda müşderilerimize ýetirip bileris. Mundan öň, deslapky sargytlary kabul etmegi dowam ederis – diýip, Ladislaw Batik Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen birinji import sergisinde habarçylara gürrüň berdi.
Kompaniýa şeýle ulaglarynyň ilkinji tapgyryny çäklendirilen mukdarda öndürmegi göz öňünde tutýar. Bu ulaglaryň aňrybaş kaşaň derejede öndüriljekdigi sebäpli onuň bahasy salgyt hasaba alynmazdan, 1,2 milliondan 1,5 milliona ýewro çenli baryp ýeter. Şonuň üçin ulagyň bahalary ýurtlara görä, üýtgäp biler. Meselem, Hytaýda ýokary kaşaňlykdaky zatlaryň salgydynyň hem ýokary bolandygy üçin ulagyň ahyrky bahasy ýokary bolýar. Ulag örän ýeňil bolup, iki görnüşli hereketlendiriji bilen işlär. Bir gezekki zarýady bilen 750 kilometr menzil geçer. Ulag 2 adama, ýagny sürüjä we ýolagça niýetlenendir. Munuň üçin sürüjilik hem-de uçarman şahadatnamasy gerek bolar. Bu ulag 3 müň metr belentlikde uçar. Ulagy uçar görnüşinden ýönekeý awtoulag görnüşine geçirmek üçin ýekeje düwmä basmak ýeterlik. Munuň üçin 2 minut wagt sarp ediler. Şondan soňra ganatlar ýygnalyp, adaty ulag hökmünde köçelerde hereket edip biler.
Jumageldi ORAZDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň talyby.