Argentinada pizza çöregini taýýarlamakda rekord hasaba alyndy. Bir gije-gündiziň dowamynda argentinaly aşpezler 11 müň pizza taýýarlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna atlaryny ýazdyrdylar. Bu rekordy gazanmak üçin 400-e golaý aşpez yhlasly zähmet çekdi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, olara birnäçe tonna peýnir hem-de hamyr gerek boldy.
– Biz 3000 kilogram un we şonça mukdarda-da peýnir jemledik. Tagamlary taýýarlamak üçin 1 müň litrden gowrak pomidor goýultmasy, 150 litr ýag we 88 müň sany zeýtun gerek boldy – diýip, Argentinanyň pizza federasiýasynyň başlygy Manuel Kamargo gürrüň berýär. Aşpezleriň taýýarlan ähli pizza çörekleri haýyr-sahawat guramalaryna iberildi.