Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, bedew bady bilen öňe barýar. Her bir kabul edilýän çözgütler, başlangyçlar mähriban halkymyzyň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada alyp barýan işleri babadaýhanlarymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine atarýar.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda-da oba zähmetkeşleri ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenilen Hasyl toýuny ýokary üstünlikler bilen garşy aldylar. Türkmen pagtaçylary öz üstlerine alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ýygnamak bilen tapawutlandylar.
Bularyň hemmesi obasenagat toplumynda özgertmeleriň hem-de hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan obalary özgertmek boýunça maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň, oba hojalyk önümçiligini giňeltmegiň, gowaçanyň hem-de däneli ekinleriň etraplaşdyrylan sortlaryny peýdalanmagyň, döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär.
Hasyl toýy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralan sergiler we ýarmarkalar bilen ýokary derejede giňden bellenip geçildi. Däp bolşy ýaly, paýtagtymyz baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýoly: oba hojalyk önümleri we dünýä bazary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilelikde gurady. “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda geçirilen dabarada ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçiler, mehanizatorlar, alym-agronomlar, seçgiçiler we beýleki oba hojalyk hünärmenleri sylaglandylar.
Obasenagat toplumynda halkara hyzmatdaşlygy hem giň gerimde alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň yzygiderli üsti ýetirilýär we täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň toýlanan güni Türkmenistanyň hökümeti bilen “John Deere International Gmbh” amerikan kompaniýasynyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýär. Ýokary öndürijilikli “John Deere” tehnikasy ýurdumyzda geçirilýän oba hojalyk işlerinde işjeň ulanylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, Diýarymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň eksportunda obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň paýy ýylyň-ýylyna artýar. Mähriban Watanymyzy senagatlaşdyrmak we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin göz öňünde tutulan strategik maksatnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen gurulýan ençeme zawoddyr fabrikler bu beýik maksadyň amala aşmagynyň durmuşda aýdyň şöhlelenmesidir.
Obalarda gurlup, ulanylmaga berilýän bu desgalaryň önümçiligi ekerançylygyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edip, öndürilen oba hojalyk önümlerini Türkmenistanyň içerki bazarlaryny üpjün etmek bilen birlikde, daşary ýurtlara ibermäge bolan mümkinçiligi hem artdyrýar. Bu iri toplumlar ýurdumyzy sebitde we dünýäde ekin meýdanlary üçin niýetlenen dökünleri eksport etmek boýunça iň öňdäki orunlara çykarýar.
Häzirki döwürde türkmen daýhanlaryna işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň netijesinde daýhanlaryň durmuş hal-ýagdaýlary pugtalanyp, obalaryň keşbi bütinleý özgerdi. Oba adamlarynyň ruhy dünýäsinde täze özgerişlikler bolup geçýär. Mähriban ýurt Baştutanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek hakynda edýän taýsyz tagallalary türkmen babadaýhanlaryny her gün täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Goý, halkymyza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Tawus GOÇMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.