Günorta Amerikanyň Çempionlar ligasy bolan “Libertadores” Kubogynyň finalynda taryhda ilkinji gezek 2 argentin kluby — “Boko Huniors” bilen “Riwer Pleýt” duşuşdy. “La Bombonera” diýlip, meşhurlyk gazanan stadionda oýnalan “Superklasiko” derbisiniň 1-nji oýnunda ýeňiş gazanan bolmady. Güýçli ýagyş sebäpli wagty 1 gün soňa süýşürilen duşuşykda 34-nji minutda ýer eýeleri Ramon Abilanyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne myhmanlaryň ezeli bäsdeşlerine jogaby gijikmedi. 1 minutdan soň, Lukas Pratto hasaby deňledi. Dünýäniň iň öňdebaryjy derbilerinden diýlip, görkezilýän oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrynda “Boko Huniors” Dario Benedettonyň goly bilen ýene bir gezek öňe çykdy. Duşuşygyň 61-nji minutynda Karlos Izkuierdosyň ýalňyşlyk bilen öz derwezesine gol geçirmeginden soň, hasap deňlendi. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Bu taryhy finalyň 2-nji duşuşygy 24-nji noýabrda Buenos Aýresiň başga bir belli stadiony “Monumentalda” oýnalar.