Türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy.
Dostlukly ýurda yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda 2018–2020-nji ýyllar üçin medeni-ynsanperwer kömegini bermek boýunça Maksatnama taýýarlandy.
Ol birnäçe çäreleri, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, söwda merkeziniň, çaga dogrulýan öýüň açylmagyny, ynsanperwer kömeginiň ugradylmagyny öz içine alýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bu ýurtda eýýäm Saglyk öýi we mekdep guruldy. 2020-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýän metjidiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan waka ýokarda agzalan Maksatnamany durmuşa geçirmekde uly ähmiýetli çäreleriň biri boldy.
Metjidiň gurluşygynda täze tehnologiýalar, binagärligiň oňyn çözgütleri, şol sanda desganyň bezeg işinde özboluşly serişdeler ulanylar. Metjidiň binasynyň toplumynda sadakalary we beýleki dessur çärelerini geçirmäge niýetlenen bina, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Desganyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.
Metjidiň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, dabara gatnaşyjylar Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometr bolan goşmaça demir ýol şahasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardylar. Ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, bu polat ýoly hem soňky ýyllarda bu ugurda baý tejribe toplan türkmen gurluşykçylary çekerler, olar häzirki wagtda bu demir ýoluň guruljak ýerini tekizlemek işlerine girişdiler.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleriniň milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Owganystanyň Turgundy bekedine çenli uzynlygy 13 kilometre deň bolan demir ýoluň durkuny täzeländiklerini bellemek gerek.