Bu waka hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklary we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar.
Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti birnäçe gazturbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Şeýle toplumlar Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda guruldy. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda Marynyň Döwlet elektrik bekedinde utgaşykly dolandyryş esasynda işleýän häzirki zaman bug-gaz elektrik bekedi gurlup, ulanylmaga berildi.
Onuň umumy kuwwaty 1 müň 574 megawata barabardyr. “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny 2013–2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýene-de iri maýa goýum taslamanyň gurluşygyna badalga berildi. Ol Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsibushi Hitaсhi Power Systems”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylar.
Kuwwaty 432 megawat bolan gazturbina elektrik bekedi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek boýunça taslamany taýýarlamak we ony gurmak boýunça “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen degişli şertnama baglaşyldy.
Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Olary dünýä belli “Mitsibushi Hitaсhi Power Systems” kompaniýasy getirer. Energiýa bloklaryndan başga-da, edara ediş binasy gurlup, onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşer.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna” laýyklykda ýakyn ýedi ýylyň içinde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Pudagyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberleriniň artmagyny şertlendirer.
Ogulnyýaz BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.