Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ma­gy ug­run­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da “Asy­ryň tas­la­ma­sy” diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny gör­kez­mek bo­lar. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly gol­da­wy­na eýe bo­lan bu tas­la­ma Mer­ke­zi hem-de Gü­nor­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öz­bo­luş­ly dost­luk hem-de hyz­mat­daş­lyk köp­rü­si­ne öw­rül­ýär. Se­bit­de sy­ýa­sy hem-de yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­ga go­şant goş­jak bu stra­te­gik gaz ge­çi­ri­ji­si­ne di­ňe tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­lar däl, eý­sem, beý­le­ki döw­let­ler hem-de hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­la­ry uly gy­zyk­lan­ma bil­di­r­ýärler. Tas­la­ma­nyň türk­men bö­le­gin­dä­ki gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri bel­le­ni­len ter­tip­de ýo­ka­ry dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­di­ril­di. Gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy üçin ge­rek bo­lan po­lat tur­ba­lar ýur­du­my­za ge­ti­ril­di we ge­ti­ril­ýär. Bu ugur­da “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len “Glo­bal Pi­pe Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy) ara­syn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň türk­men bö­le­gin­de gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin po­lat tur­ba­la­ry sa­tyn al­mak ba­ra­da bag­la­şy­lan şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, sar­gyt edi­len önüm­ler Dam­mam por­tun­dan Ha­za­ryň üs­ti bi­len Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na ge­ti­ri­lip baş­landy. Ba­ha­sy ABŞ-nyň 40 mil­li­on dol­la­ry­na deň bo­lan bu şert­na­ma­ny Sa­ud ösüş gaz­na­sy ma­li­ýe­leş­dir­ýär.
Hä­zir­ki gü­ne çen­li bel­le­ni­len möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky “Ymam­ba­ba” de­mir ýol be­ke­di­ne önüm ýükle­nen 175 wa­gon ge­lip go­wuş­dy, bu ýe­re eý­ýäm 4 müň 956 metr tur­ba dü­şü­ril­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­za iki tap­gyr­da je­mi 35 müň metr­den gow­rak po­lat tur­ba­lar ge­ti­ri­ler. Mu­nuň özi tu­tuş se­bit äh­mi­ýet­li gu­rul­ýan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­de alnyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň baş şer­ti­ni üp­jün eder. Şu gün­ler ge­ti­ri­len po­lat tur­ba­la­ry gur­luşyk meý­dan­ça­sy­na da­şa­mak we gur­na­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, bu iri tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni has-da iler­let­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň çä­gin­de we da­şyn­da ge­çi­ril­ýän dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat­lar­da tas­la­ma­nyň al­nyp bar­ly­şy hem-de bu ug­ra tä­ze hyz­mat­daş­la­ry çek­mek ba­bat­da çy­kyş­lar gu­ral­ýar. Go­laý­da 11–14-nji no­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­riniň Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “ADI­PEC – 2018” hal­ka­ra ne­bit­gaz ser­gi­sin­de we mas­la­ha­tyn­da bu tas­la­ma ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýe­ne-de ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len “OGT – 2018” hal­ka­ra ser­gi­si­niň we mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si bo­ýun­ça mej­lis ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, bu tas­la­ma Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak­da no­bat­da­ky ne­ti­je­li ädim­dir. Mil­li ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, önüm ön­dü­ri­ji­le­riň, üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­le­riň we sarp edi­ji­le­riň bäh­bit­le­ri­niň saz­la­şy­gy­ny üp­jün et­mek şer­tin­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na iber­me­giň saz­la­şyk­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek bu stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.