Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nobatdaky gezek nebitgaz senagatynyň gazananlarynyň sergisi hem-de maslahaty geçirildi. “Türkmennebit” döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan şu ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” (OGT-2018) atly XXIII halkara sergisi we maslahaty guraldy. Ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän bu forum ýangyç-energetika pudagynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly mümkinçilikler döredýär.
Sebitde iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary hem-de bilermenleri, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, milli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.
Däbe öwrülen Aşgabat forumy hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän halkara maslahat hem-de sergi energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi. Sergide nebitgaz pudagynda hem-de metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda we senagatda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle-de, kärhanalaryň wekilleri diňe öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de işewür gatnaşyklaryň netijeliligini artdyrmaga-da mümkinçilik aldylar.
Halkara serginiň çäklerinde geçirilýän maslahata şu ýyl ABŞ-dan, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we GDA ýurtlaryndan 500-e golaý wekil gatnaşdy. Şolar halkara we hökümet guramalarynyň 200-den gowragyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň diplomatik wekilhanalaryna wekilçilik etdiler. Onda halkara, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi, öňümizdäki ýyllar üçin strategiýany işläp taýýarlamak ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy, nebit, gaz we beýleki önümleriň bazarlaryndaky ýagdaýlara, ýangyç serişdelerini ugratmak hem-de marketing strategiýasyna umumy seljerme berildi.