Ýaponiýaly 11 ýaşyndaky mekdep okuwçysy, adatça, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna berilýän matematikadan çylşyrymly sowalnamany üstünlikli tabşyrdy. “The Japan Times” gazetiniň habaryna görä, Hiroto Takahasi ähli sowallary çözmegi başaran iň ýaş okuwçy diýen derejä eýe boldy. Mundan ozalky rekord 13 ýaşyndaky mekdep okuwçysyna degişlidi.
Hiroto Takahasi Tokioda ýaşaýar we 5-nji synpda okaýar. Ol matematika has köp gyzyklanma bildirýär. Ol 5 ýaşyndan başlap, matematika synaglaryna taýýarlanyp başlady. 7 ýaşynda bu ugurdan 11-nji synp okuwçylary üçin niýetlenilen üçünji derejeli synaglardan üstünlikli geçdi. Bir ýyldan soňra 12-nji synp okuwçylary üçin taýýarlanan ikinji derejeli synaglary tabşyrdy. Zehinli oglanjyk habarçylara beren beýanatynda matematik bolmagy arzuw edýändigini, täze teoremalary subut etmek isleýändigini mälim etdi.
Durdymuhammet OMAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.