Ýer şarynyň iň yssy ýurtlarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda, esasan hem, howanyň gyzgynlygy 28-30 derejeden pese gaçmaýan egzotik ýerler öz ornuny aldy. Sanaw düzülende diňe howanyň gyzgynlygy däl, eýsem, howanyň aýratynlyklary hem göz öňünde tutuldy. Bu sanaw “Business Insider” neşiri tarapyndan çap edildi.
Bu ugurda öňdäki orunlary Mali bilen Jibuti eýeledi. Bu ýurtlarda tutuş ýylyň dowamynda howanyň ortaça gyzgynlygy 29 derejede saklanýar. Ýöne esasan hem, sanawyň ilkinjileriniň hatarynda has yssy ýurtlary görmek bolýar. Olaryň belli bir bölegi Hindi ummanynyň adalarynda ýerleşýär. Şeýle hem öňdäki orunlary Gambiýa, Niger Respublikasy, Ýemen, Mawritaniýa, Maldiwler, Marşal adalary, Nauru, Palau, Samao, Senegal, Sudan, Tailand we Çad eýeleýär.
Silapguly GAROWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.