Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da 46-njy möw­sü­miň çem­pio­ny iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 5-nji or­ny eýe­län soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny Se­bas­ti­an Ožie 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. “M-Sport Ford” to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Ožie umu­my sa­naw­da 2-nji ha­tar­da bar­ýan bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­wil­liň (“Hy­un­dai Shell Mo­bis”) 22-nji aý­law­da ki­çeň­räk awa­ri­ýa se­bäp­li ýa­ryş­dan çy­k­ma­gyn­dan soň, oňa çem­pi­on­lyk üçin 5-nji ýer hem ýe­ter­lik bol­dy. Şeý­le­lik­de, 34 ýaş­ly sü­rü­ji kar­ýe­ra­syn­da bas­syr 6-njy ge­zek Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol Se­bas­ti­an Lýo­buň yz­ly-yzy­na ga­za­nan 9 bi­rin­ji­li­gin­den soň, 2013-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy hiç kime ber­män gel­ýär. Möw­sü­me şow­suz baş­lan Ožie şu ýyl 4 ýa­ryş­da 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Soň­ky tap­gyr­lar­da Ti­er­ri Noý­will­den öňe saý­la­nan Ožie ge­çi­ri­len 13 ral­li­de 219 utuk top­la­dy. 201 utuk ýyg­nan Ti­er­ri Noý­will 2-nji, 181 utuk­ly Ott Ta­nak 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy.
Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň möw­süm­dä­ki soň­ky bäs­le­şi­gi bo­lan Awst­ra­li­ýa Ral­li­sin­de 1-nji ýe­ri “Toyo­ta Ga­zoo Racing” to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Ýa­ri-Mat­ti Lat­wa­la eýe­le­di. Ol 316,3 ki­lo­metr ara­ly­gy 2 sa­gat 59 mi­nut 52 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 1-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 18-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. 2-nji or­na-da “Hy­un­dai Mo­bil Shell” to­pa­ry­nyň Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Haý­den Pad­don, 3-nji ýe­re-de “Cit­ro­en To­tal Abu Da­bi” to­pa­ryn­dan nor­we­gi­ýa­ly Mads Ost­berg my­na­syp bol­dy.